Üç-bäş ýaşlaryndaky çaga goňşularynyň towuklarynyň ýumurtgasyndan ogurlap ejesine getirip berdi we ejesiniň diýjek sözlerine garaşdy. Halala, harama üns bermeýän ejesi:
— Berekella, akyllyja oglum —diýip, oglunyň başyny sypalap, kellesinden ogşap, ony öwýär.
Oglan ejesi öwensoň, günde ýa günaşa goňşularynyň ýumurtgasyndan ogurlamagyny dowam edýär. Wagt geçip ulaldygyça ogurlygyny hem ulaldýar. Ilki ýumurtgany towuga, towygy horaza, horazy guza, guzyny goýna öwrüp ökde bir ogry bolup ýetişýär. Şeýdip ogrylyk edip we ýaramaz işlere baş goşup,ýaramazlykda adykýar. Ýaramazlyklaryny dowam edip, ahyryn bir gün bir jenaýatynyň üstünde tutylyp, ölüm jezasyna höküm edilýär. Bu habary eşidip ejesi dady-perýat edip gelýär kazynyň ýanyna. Kazydan: "Ýekeje ogluma rehim ediň, maňa başga esewan etjek ýok"—diýip, saçyny ýolup näçe gohlasa hem oňa gulak asan bolmaýar.
Kazy ol ogrydan:
— Seniň iň soňky haýyşyň barmy? — diýip soraýar. Sebäbi ol döwürde jenaýatçynyň soňky haýyşyny bitirmek däbi bar ekeni. Ogry kaza:
— Ölmänkäm, ejem janyň dilinden öpmek isleýärin — diýýär.
Ejesi oglunyň islegini eşdip:
— Gel,balam, ejeň dilini öp —diýýär.
Ogly:
— Hany ejemjan diliňi öpeýin —diýýär, ejesi dilini çykaranda bolsa onuň dilini gaty dişläp goparyp taşlapdyr. Bu wakany gören adamlar "Haý zalym ogul! Öňki eden etmişleriňi az gördüňmi, 0z ejeň dilini gopardyň"—diýişýärler. Oglan olara:
— Wah, anygyna ýetmän gürleýäňiz.Meniň şu günlere düşmegime ejemiň şol dili sebäp boldy. Men ýaňy ogurlyga başlap, ilki ýumurtgany äkelemde maňa "Berekellä,oglum" - diýmän, meniň temmimi beren bolsady, men bu wagt ömrümiň diýen wagty ölmeli bolmazdym — diýýär.

Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir