*Tüýs gözýaşyň wagty.*
Haçanda,içiňdäki bar duýgulary jemläp,olary birine görkezmek niýeti bilen olaryň ählijesini ýekeme-ýekän WORD formatyndaky dokumenta ýazyp, soňam kompýuteryň zerarly ähli ýazanjaňy ýitireňde...
Haçanda gowy görýän we janköýerlik edýän sport toparyň eýýäm näçinji ýyl bäri hiç zat utmanda...
Tüýs göz ýaşyň wagty: Haçanda gerek wagty internedyň kesilende...
Haçanda gynançly hindi filmyny göreňde...
Haçanda, klasa iň köne we gelşiksiz geýinýän okuwçy sen bolaňda...
Haçanda bütin gyşyňy tomus köwşünde geçireňde...
Haçanda,1-2 hepdeläp dişiňi ýuwman mekdebe gatnaňda...
Haçanda ,klasdaş gyzlaryň seniň arkaňda saňa Porsy diýip at dakanda...
Hacanda,şol klasdaş gyzlaryň porsy diýip at dakanyna namys edip , bazardan şampun we sabyn ogurlap, gyrandyň aşagynda suwa düşeňde...
Haçanda, seniň deň-duşlaryň hezil edip ÝAŞAÝAN wagty zoooordan güniňi görmek...
Haçanda naharhanadaky agyzdan galan bulkalary we korzniklary iýip, güniňi geçireňde...
Haçanda 25-nji maýa pulyň ýoklygy sebäpli gatnaşyp bilmäňde...
Tüýs gözýaşyň wagty,haçanda içiňdäki umman deý çuň,ak reňk deý päk duýgular düşünilmän galanda...
Haçanda olar kabul edilmegiň ýerine ret edilende...
Haçanda olara ynanylmanda we olara ýasama diýlip at dakylanda...
Haçanda hatda şol duýgular hem ýeterlikli däl hasap edilende...
Haçanda şol duýgular seni dünýäde we älem jahanda iň bagtly kişi etmegiň deregine,seniň öz içiňde galyp, ýüregiňdäki kiçijik ýaradan başlap , bütin bedeniň we ruhyň ýuwaş-ýuwaş poslamagyňa sebäp bolanda...
Haçanda biri seniň durmuşyňa gelip, saňa nähili ajaýyp durmuş ýaşap bolýanyny görkezip, saňa seniň nähili bagtly boljagyňa göz ýetirdip, emma ertesi gün , seniň durmuşyňa gelşi ýaly, duýdansyz, ýitip gidende...
Haçanda,sen öz elleriň bilen saňa berilýän ençeme mümkinçilikleri bir-birden çukura taşlap, soňam hut öz elleriň bilen olary gömeňde...We gömeniňden soň bütin ömürlap ol mümkinçilikleri ýatlap,diňe "egerde men şonda ...." olar bilen ýaşaňda...
Tüýs gözýaşyň wagty,haçanda, seniň öz beýniň seni gün-günden zaýalanda...
Hacanda ol saňa ýok we bolup bilmejek zatlary görkezip, seniň bu durmuşa bolan höwesiňi öldürende...
Haçanda,seniň hut öz beýniň saňa öz-özüňi ýok etmelidigiň barada gün-günden gaýtalap gelende...
Haçanda,sen her gün agşamy özüňi öldürmek barada pikirler bilen geçireňde...
Haçanda,seniň hatda özüňi öldürmäge hem gaýratyň ýetmeýäniňe düşüneňde...
Haçanda bir pursatlyk gaýratlylyga dözmeýänligiň sebäpli bütiň ömürläp kösenjegiňi bileňde...
Tüýs gözýaşyň wagty,haçanda ýalňyzlykdan ýaňa bizar bolup içiňdäki ähli gahary we näräzylygy bütin äleme bildiresiň gelende ...
Haçanda ýalňyzlyk seniň ömürboýy iň ýakyn ýoldaşyň bolanda...
Haçanda,bütiň ömrüňi ýalňyz bolup geçirjegiňi akyl ýetireňde we şu ýagdaýa garşy hiç zat edip bilmejegiňe göz ýetireňde...
Haçanda sen öz doglan güniňi ýeke özüň garaňky otagda belläňde...
Haçanda täze ýyly ýeke özüň garaňky jaý-da belläňde...
Haçan her bir gijäňi garaňky jaýda we ýeke özüň geçireňde...
Haçanda garaňky jaý seniň iň gowy görýän we özüňi rahat duýýan ýeriňe öwrülende...
Haçanda öz çagalyk suratyňa seredip şol surata düşen pursada dolanmak isläňde...
Haçanda köne suratlary bir-birden göz aýlap,ol suratlardaky pursatlary ýatlaňda...
Tüýs gözýaşyň wagty,haçanda sençe ýoklar seniň ýetmedik sepgidiňe ýetende...
Haçanda sen içiňdäki ähli zehini boşluga sarp edeňde...açanda asmana üçmagyň deregine ýere gireňde...
Tüýs gözýaşyň wagty, haçanda seniň KAKA diýip atlandyryp ýören adamyň seniň bilen gyzyklanmanda...
Haçanda ol saňa aýda-ýylda bir gezek ýylgyranda...
Haçanda şol ýylgyran wagty hem seniň dükänä çilim alyp gaýtmak üçin ugratmak niýeti bilen ýylgyranda...
Tüýs gözýaşyň wagty,haçanda sen, näsäglap ýataňda , seni hiç kim idemände...
Haçanda şu dünýädäki 6 milliard adamyň arasynda seniň ýanyňda boljak sanlyjalar tapylmanda...
Haçanda sen söýgi üçin pul töläňde...
Haçanda pul tölän wagtyň her bir töleýän manadyňy ökünç bilen sanaňda...
Tüýs gözýaşyň wagty,haçanda,daş töweregiňdäki käbir zatlary ýa bolmasa barlyklary görüp, olaryň hiç haçan seniňki bolmajagyňa düşüneňde...
Haçanda sen öz söýýän kişiňi, bütin ömrüňi bile geçirjek kişiňi halanyňa we halamanyňa görä dälde, gapjygyň galyňlygyna gõrä saýlanyňda...
Tüýs gõz ýaşyň wagty, haçanda sen õz eneň-ataň ýene sanlyja ýyllardan öljegini bileniňde...
Haçanda sen ol ýagdaýy üýtgetmäne eliňden hiç zat gelmejegine akyl ýetireňde...
Tüýs göz ýaşyň wagty,haçanda,her gün irden turup çaltrak şu dünýäni terk etmek barada pikir edeňde!!! Tüýs göz ýaşyň wagty,haçanda, şu oýlanmadaky her bir suratlandyrylan waka ýa bolmasa ýagdaý seniň başyňdan geçenini ýatlaňda!!! Çeşme:vk.com Maral Marala
6.10.2021 15:24

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir