Bir ýaş ýigit öýlenmek üçin taýýarlyk görüp başlady. Ene-atasyndan irki çagalyk döwri jyda düşüpdi. Olardan özüne kiçeňräk mellek ýer galdy, şol ýerden gelýän pul hem garyndaşlarynyň goldawy saýasynda okap, ylym almagy başardy. Halal gazanç getirýän iş edindi. Ýöne ene-atasyndan kiçilikden jyda düşmegiň hijran oduny ömürboýy ýüreginde göterdi ýördi.
Toý karary alnandan soň, arassa ahlakly bu ýaş ýigidiň keýpi göterlip, durmuşa bolan höwesi hasam artypdy.
Ýöne toýuň öňinçäsi ýüzüni sallap meniň ýanyma geldi. Ony biynjalyk edýän bir zadyň bardygy, şony aýdasy gelýändigi bellidi. Ýöne sözi nämeden başlajagyny bilmän kösenýärdi.
Kärim sebäpli “Söze nädip başlasamkam?” diýen gezeklerim kän bolany üçin, o zatlara düşünýän dost hökmünde, ony gyssajak bolup durmadym.
Bir salymdan ýel aparyp petlesinden gopan gapy kimin güpürdedi.
Aýdyşyna görä, şo gün irden gelinliginiň daýzasy öz ýanyna gelip, göwnüýetmezçilikli äheňde bir zatlar diýipdir:
– Dostlarymyz gyzymyzyň kim bilen durmuş gurýandygyny bilesi gelýär. Siz bilen diýýäris welin, ýene soraýarlar, “kimlerdenkä özi” diýip. Näme diýsek gowy bolarka, siziň pikiriňizçe?
Ýaş ýigit soragyň özünem, onuň soralyş äheňininem halamandy. Ýöne jogabynam, nagt ýelmedi:
– Daýzajan, “halalhon we gowy häsiýetlilerden” diýäýiň, bolýarmy?
Awtor: Feýýaz Tokar
Terjime taýarlan: Arsen blogger
SEN KIMLERDEN [KYSSA]
-
kwazimoda
3 years ago
- Gowy gosgy eken👍
-
kwazimoda
3 years ago
- Gowy gosgy eken👍
-
kwazimoda
3 years ago
- Gowy gosgy eken👍
-
kwazimoda
3 years ago
- Gowy gosgy eken👍
kwazimoda 3 years ago- Gowy gosgy eken👍