Hytaýlylaryň The Wandering Earth (Sergezdan planeta) filmi Reýimbaý Sabirowyň Dünýäniň syry powestiniň logiki dowamymy?

Üns beriň!!! Mowzukda spoýler bar egerde siz spoýleri halamasaňyz blogyň adyndaky filmi we eseri okamagy maslahat berýäs.

Men ylmy fantastika žanryny gowy görýärin. Ol žanrda ýazlan kitaplary okaýaryn we filmlere tomaşa edýärin. Arasynda özümem bolgusyzja hekaýajyklar ýazan bolýan. Türkmen ylmy fantastikasynda men Reýimbaý Sabirowyň ,,Dünýäniň syry" powestini okapdym. Eser özüne çekiji we agkynly ýazylylypdyr. Eserde kosmos syýahatçysy Kapitan Nur Baryň başdan geçiren wakalary esasynda. Eserdäki wakalar uzak geljekde bolup geçýär adamzat agzybyr bolup bir döwlete birikýär. Uruşlar soňlanýar. Garaz asuda günleriň birinde Kapitan Nur Bary adatdan daşary ýygnaga çagyrýarlar. Ol ýygnatda adamzadyň geljekki ykbaly bilen bagly mesele orta atylýar. Güniň ulalyp planetamyzy ýok eder derejä geljegi barada. Oňa garşy durmak üçin birnäçe teklipler orta atylýar. Şolardan biri Kapitan Nur Baryň planetamyzy başga bir ýaş ýyldyz sistemasyna süýşürip äkitmek baradaky teklibi kabul görülýär.
Indi bolsa hytaýlylar tarapyndan surata düşürilen The Wandering Earth (Sergezdan planeta) filmi barada. Ol film hamala Reýimbaý Sabirowyň powestiniň dowamy diýsek ýalňyşmarys. Filmde kapitan Nur Baryň teklibiniň amala aşyrylyşyny görýäris. Filmiň asyl wakasy Ýer planetasy süýşürilip äkildilýärka ýupiter planetasynyň golaýynda ýüze çykan mesele bilen baglanşykly. Ýogsa filmiň Reýimbaý Sabirowyň eseri bilen hiç hili baglanşyk ýok. Ýöne arasynda täsin meňzeşlik bar. Aslynda film hytaýly fantast ýazyjy Liu Cixiniň ,,Sergezdan planeta" atly eseri esasynda döredilen. Hamala Liu Cixin bu eseri Reýimbaý Sabirowyň powestini okap şondan ylhamlanyp ýazan bolsa gerek. Ýöne meniň özüm bu hytaýly ýazyjynyň kitabyny okamadym.

(C) Sapargylyjow Baýramgylyç
2021

Edebiýat, Khanture tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir