TALANTLAR

Her kim öz ugruna talantdyr,talant!
Bu dünýede talantlary gözledim.
Ähli ýalançydan edýärin talap
Goý,olar talantly ýalan sözlesin.

Balerina sahna çykyp,galdyrap,
Ölýän guw ömrüni aýaklanynda.
Men oňa diýýärin talant sen, talant!
Güller bitsin näzik...aýaklaryňa.

Talantly dörjeläň ýeriň gursagyn,
Talantly göterliň Wenera tarap.
Eger erbetlige hyýal gursaňyz,
Biliň şoň üçinem gerekdir talant.

Talantly ýumuryň betpygyllary,
Goý olar müdimi kul-owram bolsun.
Eger şahyr gelse oň şygyrlary
Edil bahar ýaly talantly gelsin.

Köpler köpri gurup özün tanatdyr.
Köpler köpri ýumrup özün tanatdyr.
Birisi gurýany üçin talantdyr.
Biri ýumurýany üçin talantdyr.

Talantly ýat bekläň görenlerňizi
Şeýtseň bir däl,on gözýetim aşarsyň.
TALANT BILEN SÖÝÜŇ GÖZELLERMIZI
GOÝ,OLARYŇ BAGTDAN GÖZI ÝAŞARSYN!
(Gurbannazar Ezizow)
Çeşme:nexttm
Paýlaşan:KOROL
6.10.2021 20:51

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir