Adimine nazar salyp yzlayyn, Tarypyny her pursatda sozlayin, Posa alyp-berip senden doymayyn, Lebine ashyk men Balkan gozeli. Baylygyn gaygyrmaz yurtlar aylanar, Behisht perisi dey zyba shaylanar, Gozellikde yene Balkan saylanar, Ozune ashyk men Balkan gozeli. Eli elmydama ishe elisher, Bitew-yyrtyk name geyse gelisher, Her tasin bakyshy janyna ogushar, Nazini chekeyin Balkan gozeli. Ahally hayrandyr senin bolshuna, Hushdan gidip senin nazik gulshune, Al-elwan owusup nusga durshuna, Yigidi hayran eder Balkan gozeli. Doganlar gyn gorman owunyar diyip, Hany shahyrlarnyz? Yazsynlar soyup, Turkmen gyzlaryna hormatym beyik, Balkan yigidinin tayy Balkan gozeli. Nabelli shahyr dìyr dessanym bolan, Zulpuni soyup men armanda galam, Allajan dilegim Balkanly bilen, Toyumy tutsam razy men Balkan gozeli.

Köneler, Bayramsoltan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir