Söhbet Döwletow ,,Doganlar!''

Hiç kim meniň gören günüm görmesin,
Günde aglap, günde men deý ölmesin,
Meniň ýaly gysga döwran sürmesin,
Allam sizi bagtly etsin doganlar!

Mydam gülüp ýörüň, solmasyn ýüzler,
Hiçem çyglanmasyn ol gara gözler,
Bir-birege aýdyň süýjije sözler,
Maslahatym, gadyr biliň doganlar!

M...

Dowamy »

511 1
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago

Söhbet Döwletow ,,Allam geçirsin''

Ine bugün geldi bagyşla diýip,
Indi men däl seni Allam geçirsin.
Ýörgün o dünýede ot köýnek geýip,
Eden günälerňi Allam geçirsin.

Indi gelme, seni hiç kabul etmen,
Seniň bar ýeriňe bir ädim gitmen,
Ýadymdadyr, meni aldaýan gepleň,
Ýalan sözläniňi Allam geçirsin.

Belki bir gün s...

Dowamy »

523 1
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago

Xyivenianyň söýgüsi

Bu gün maňa biri "Bähh söýüşiňe döneýin."-diýdi. Muny göz öňüne tutupda meniň " Köneje matrosyma" ýüzlendi. Dogry oňa näçe käýesemem ýene söýýän. Käwagt maňa üýtgeşik habarlary getirende "Sag bola, gördüňmi buda ýatlapdyr meni ýa bäh oňam ýadyna düşüpdirinow". Ýogsam-da " Bugün pylanynyň doglan güni gutlagyn sagat on ikide" diýip, ýatlatýar. Ýogsa...

Dowamy »

962 49
Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 3 years ago

"Zenanlar baýramňyz, Mübärek bolsun!"

Bu gün,
Bütin dünýä
Zenanlar güni,
Sekizinji martyňyz,
Mübärek bolsun!
Zenanlara sylag,
Hormatlar uly,
Sekizinji martyňyz,
Mübärek bolsun!

Zenanlar hemişe,
Asylly bolsun,
Ýüzleri nurana,
Görmegeý bolsun.
Esasy dilegim,
Zenanlar size,
Du...

Dowamy »

538 6
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago

“Üstünlik münberinde sözi zenana beriň!”

Zenan bolup, zenan dünýäsi, zenanyň ýüreginiň täsin güýji hakynda ýazmak, bir tarapdan öz-özüňi taryplamak ýaly görünse-de, bu asla beýle däl. Eýsem, zenany zenandan gowy kim tanar?! Erkek kişiler köp babatda zenanyň diňe daşky keşbine laýyklykda baha berýärler ahyry. Ol baha bolsa, tas elmydama diýen ýaly ýalňyş netije berýär. Diýmek, durşy bilen...

Dowamy »

546 5
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

Gelin,gyzlar 8-nji mart baýramyňyz gutly bolsyn.

Mart,mart,mart 8-nji mart,
Geldi ýigitler bolyň mert.

Sowulsa sowulsyn pullar,
Bal ýaly süýjesin diller.

Sowgat berip,süýjülikler,
Sowgat berip,gyzyl güller.

Ýylgyrdalyň enelermiz,
Ýylgyrdalyň uýalarmyz.

Sowyp manat,teňňeleri,
Ýylgyrdalyň ýeňňeleri.
...

Dowamy »

704 6
Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 3 years ago

Ejeme.

Sözüň süýji,mähir doly ýüziňde,
Dünýede,sen deý mähriban adam ýok.
Eje,elleriňde jady bar ýaly,
Seniň tagamlaňdan doýup bolonok.

Eje,goý çalarsa çalarsyn başyň,
Kümiş saçlaň,bezeg berýär ýüziňe.
Ogyl,gyz agtykdan doldyryp daşyp,
Gül mydama ýaş dolmasyn göziňe.

Meň ýazasym geldi...

Dowamy »

587 1
Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 3 years ago

Baýramyňyz gutly bolsun zenanlar!

Baýramyňyz gutly bolsun zenanlar!

Biri eneň, biri uýaň ,biri ýar,
Olarsyz durmuşda many bolmaýar.
Bahara meňzeş, gül görkli gözeller,
Baýramyňyz gutly bolsun zenanlar!

Siz bilen başlanýar baharyň başy,
Siz zeminiň zynaty, göwher gaşy.
Dileýärin ak bagt, abraý, ýüz ýaşy,
Baýramy...

Dowamy »

700 4
Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 3 years ago

"8-nji Mart" baýramyna!

"8-nji Mart" baýramyna!

Gözel gyzlarymyz söýgi tymsaly,
Mähriban kalbyňyz güller mysaly,
Näz bile edepli görki sapaly.
Siz sebäp ýazylar goşgy gazallar,
Baýramyňyz gutly bolsun gözeller!

Halkyň ar-namysy türkmeniň gelni,
Işeňňir, wepaly, mylaýym sözli,
Perzentler enesi, millet...

Dowamy »

666 2
Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 3 years ago

8-nji mart guni

Mahriban gelin-gyzlar! Sizi yetip gelen 8-nji mart bayramchylygynyz bilen tuys yuregimden gutlayaryn. Hemishe yylgyryp yashan... Durmushda, mashgalada, ishde, okuwda name aladanyz bolsa ozuniz chozun! Ine, edil shu wagt yylgyrdynyz, hemishe-de shular yaly gulkuler yanaklarynyzda dolup dursun.
8-nji mart guni — bu baharyn gelyan guni,
...

Dowamy »

859 38
Edebiýat, Ahmedik_97 tarapyndan 3 years ago

Söýgüde diñe gyzlar aglamaýar, oglanlaram aglaýan eken...

Söýgüde diñe gyzlar aglamaýar, oglanlaram aglaýan eken...

2002-nji ýylda Harby instituty tamamlap,obadan uzakda harby bölümde ishe bashladym.Obamyzdan Jemal atly bir gyzy söýüp,onuñ bilen söýgi hatyny alyshýardym. Men bir gün Jemalyñ doglan gününi gabatlap,oba bardym.Jemalyñ doglan gününi gutladym.Ejem bilen kakam meni öýlendirmekçi...

Dowamy »

838 12
Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 3 years ago

JUMA ÝAZMYRADOWYŇ DEGIŞMELERINDEN

Bir gezek Juma Ýazmyradow dümewläpdir-de, işe gitmän, öýde bolmaly bolupdyr. Ony eşiden obadaşy Amannazar görmäge gelipdir. Onuň gelýänini gören Juma Ýazmyradow oýun etmegi ýüregine düwüp, düşege geçip ýatypdyr-da, üstüne ýorgan çekip, aýalyna-da:

— Eger meniň ýagdaýymy sorasa, hamsygan bol-da dur, yzyny özüm oňararyn — diýipdir.

Dowamy »

724 2
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago

Oba gurrunleri.Juma Keregulyyew

NÄSAGAM KÄN-DÄ...
Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda Çary Berdi atly obadaşymyz melleginden ýygan
üzümini Marynyň gök bazaryna äkitmek üçin kolhozdan ýük maşynyny diläp alypdyr.
Gatnawsyzrak ýol bilen Mara aralaşan batlaryna bulary ýol gözegçileri saklapdyrlar.
Resminamalary düzüw bolsa-da, maşynyň ýüküni gören gözegçi s...

Dowamy »

631 2
Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago

§5. Essalowmaleýkim...

Essalawmaleýkim,
Birinji memmer.
Reňkiňi gördüm, ysyňa ýol ber!
Gümmeziň üstünde owadan ene,
Çagasyn gujaklap, bakyp dur Güne.
Mermeriň ýüzünde üç sany setir
Lowurdaýar göýä Ene diriligi:

Özi ölüp, ömrün köşegne berip,
Ýaş giden eneleň
Ýadygärligi
Enäni...

Dowamy »

512 2
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago

Yalñyshlyk

Yalana ynanman,yalñyshdym.
Çyna ynanyp,yalñyshdym.
Bir maksat tutup,yalñyshdym,
Maksada yetip,yalñyshdym.

Dosta ynanyp,yalñyshdym,
Dushmana ynanman,yalñyshdym.
Yalançyny,yaranjañy
Adamam sayman,yalñyshdym.

Gul berip,miwe bermedik
Yazyma ynanyp,yalñyshdym.
Ozum uçin urulsamam,...

Dowamy »

591 1
Edebiýat, soho tarapyndan 3 years ago

Gidiwerjekmi.

Näme indi,şeýdip gidiwerjekmi,
Hany,nirede seň,wepadarlygyň.
Dymmasana,näme bileňokmy sen,
Sensiz maňa bu dünýäniň darlygyn.

Näme indi,şeýdip gidiwerjekmi,
Bilseňde,her demde saňa zarlygym.
Nämä dymýaň,bilýäň,bilýäňä meni,
Ýaşadýanyny bir seniň barlygyň.

Näme indi,şeýdip gidiw...

Dowamy »

607 1
Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 3 years ago

Mahrijemal(Nowella)

Mahrijemal aynanyn onunde ozune timar berip oturanam bolsa, hereketleri gowunli-gowunsizdi. Su toya onun asla gidesi gelenokdy, yone jorasy Jemal:"Name boldy gyz, sana? On-a obamyzda toy bolsa, menden ondedin. Ya menden bir zady gaty gordunmi, toya menin bilen gidesin gelenokmy?" diyip, el telefonyndan janygyp duranson, bialac jorasynyn gowni ucin...

Dowamy »

769 16
Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 years ago

Magtymguly - Turgul diýdiler

“TURGUL !” DIÝDILER
(Düýş)

Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda,
Bir tört atly gelip: “Turgul !” diýdiler.
“Habar biýrmiz saňa pursat jaýynda,
Şol ýerde ärler bar, görgül” diýdiler.

Nazarym ýetişgeç şol tört merdana,
Köňlüm joşa geldi, başym gerdana,
Şol wagtda bar idi iki diwana:

Dowamy »

566 2
Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago

Söýgi goşgusy...

Seniň päkligiňe, päkizeligňe
Ynanjym şeksizdir,
ynamym hakdyr!
Çünki men hemişe, nirde bolsamam,
Seniň islegiňe, göwnüňe bakdym.

Sorap-idemedim töwerek-daşdan,
Ýa bildirmedimem çekýänim zaryň.
Ynha, bu gün ýene armanym süýräp,
Şol hoşlaşan ýerimize barýaryn.

Bu ýer maňa...

Dowamy »

762 15
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

Bäbekhanada bolan hakykat.

Bäbekhanaň agzy jagulda jugyl,
Her kim şatlanýardy,her kim gülýärdi.
Elleri bäbekli gözel gelinler,
Gapydan gezegne çykyp gelýärdi.

Elleri bägülli juwan ýigitler,
Ylgap baryp,gelinlerniň ýanyna.
Ellerine alyp bäbejiklerin,
Ysgap ogşap basýardylar bagryna.

Soňra gelinlerne gülle...

Dowamy »

696 3
Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 3 years ago