Halal işläp, uly abraý gazansam,
Halkym menden razy bolsa razy men.
Il içinde abraý bilen bezensem,
Ýetsem arzuwlarma, ölsem razy men.

Duzly saçagyma rysgal getirsem,
Söýen ýarym bilen ömrüm ötürsem,
Öňümdäki gulluk borjum bitirsem,
Watan üçin janym bermä razy men.

Ýas güni her kimiň ýanynda dursam,
Märekede dogry otursam, tursam,
Kömege mätäje ýetişip barsam,
Iller menden razy bolsa razy men.

Bäş sany parzymy doly bitirip,
Dilimde Kurany, aýat getirip,
Arkamda türkmeniň adyn göterip,
Yz goýup dünýäden ötsem razy men.

Lebabymyň adyn arşa götersem,
Dertlilere dertdeş bolup otursam,
bäş günligi hezil edip ötürsem,
Armanda galmazdym, ölsem razy men.

Söhbet aýdar, mydam kärimi tutjak,
Durmuşdan mydama paýymy utjak,
Söwer ýara mydam mähirli bakjak,
Maşgala başynda dursam razy men.

Awtory: Söhbet Döwletow

Goshgy duzdurmek un Tel: +99363135973

Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir