Dowran gullukdan gelyanca, Mahrijemal su pikir bilenem gezdi. Ol mekdebi tamamlap, oz obalaryndaky cagalar bagyna ise baslady. Ahyry:"Dowran gullugyny gutaryp gelipdir" diyen hos habaram geldi. Gullukdab geleninden son, Dowran kamahal Mahrijemalyn isleyan cagalar bagyna gelyardi. Bu yerde onun dosty Mergenem isleyardi. Mergenin yokary okuw mekdeplerinin birine okuwa girmek arzuwsy bardy. Onson ol gullukdan geleninden son, synag dowri gelyanca, bos yatmazlyk ucin cagalar bagynda ise durupdy. Ol yerde ona etmage is yeterlikdi. Sonun ucinem Mahrijemal Mergene cagalar bagynyn caginde hali-sindi dusyardy. Dowran dostunyn yanyna gelen mahaly Mahrijemala bir zatlar diymek isleyan yaly garayys bilen serederdi. Yone gurrun salam-helikden anry gecmezdi. Dowranyn bu bolsuny Mahrijemal ozunin ile gep-gurrun bolmazlygy ucin edilyan alada, abrayyna goyulyan sarpa, edeplilik hasap edyardi.
Ine, bir gunem Mahrijemal ucin tomsun guni yyldyrym cakan yaly, garasylmadyk bir yagday boldy. Dowran gelip ozunin oylenyandigini aydyp, Mergene-de, Mahrijemala-da cakylyk hatyny gowsurdy.
-Name? O nahili?- Mahrijemalyn anynda yanlanyp giden su iki sowaldan onun gulaklary gapylyp gitdi. Mahrijemal oz yagdayyny Dowrana bildirmejek bolup yere bakdy. Dowran:"Toya baryn" diyip, hoslasmak bilen boldy. Mahrijemal uzakly gun icini humledip gezdi.
Ol sol gunden son, Dowran bilen yeke gezegem gorusmedi. Dowran cagalar bagyna dostunyn yanyna gelende-de, Mahrijemal müýnli yaly ondan gacyp gezdi. Dowranyn oylenis toyuna gitmeg-ä onun hyyalynda-da yokdy.
Ine-de, toy guni geldi Mahrijemal entegem naderini bilman, aynanyn onunde otyrdy. Her hili oylar ony ol kenardan alyp, beyleki kenara oklayardy.
Hazir bolsa icki dunyasinde gopyan harasada basalyk berip, joralary bilen toya gitmelidi.
Bezenip-beslenip boldum edip Mahrijemalyn gapa yonelenem soldy welin, el telefonyna jan geldi. Mahrijemal:"Entegem bolanokmy, gyz?"diyen igencli gepi esitmage tayyarlanyp, "Alo" diydi.
-Alo, Mahrijemal, salam. Bu men Dowran.
Dowranyn sesini esidip, Mahrijemalyn ustunden gaynag suw guyulan yaly boldy. Ysgyny gidip, oturgyja gecip otyrdy. Ol:"Bu name boldugy? Su mahal, toyy gidip duran mahaly mana name diyjek bolyarka?" diyip oylansa-da, Dowrana hic zat jogap berman, telefonyny sannyldayan ellerinden gacyrmajak bolup, makam tutdy.
Anyrdan yene Dowranyn sesi edidildi:
-Mahrijemal, hayys edyan, telefony goyman meni dinlemegini hayys edyan. Men sana bir zady aytmaly. Men muny sana birmahal aytmalydym, yone wagt geler, hemne zat oz-ozunden yerbe-yer bolar oytdum.
Dowamy bar....
Cemen Annaberdiyewa, žurnalist
9.03.2021 20:30

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir