“Gitmesene,
Gitseň onsoň bulutlary kim synlar...”
L.Pürjäýewa

Gitmesene,
Gitseň onsoň gara başym dumanlap
Gara güni gapdalyma getirer
Gitseň onsoň, görülmedik gün aglap
Kemsinmezmi ýazylmadyk setirim?!

Şygyrlarmy kime okap bererin
Haýsy gözler ýüregimi ýaralar
Gezerinmi göwnün görüp pelegiň
Köňüldäki arzuwlarma garaman

Gitmesene,
Gitseň onsoň galmalymy ýeke men
Duýgularym bilen, güllerim bilen
Mähremini saklap bilmän ýykylan
Mähire zar bolan günlerim bilen

Galmalymy böwrüm diňläp, düňle dek
Biygtyýar ýollaryňy bagyrtlap
Basybilmän nalalarmy diňmedik
Gezerinmi gyzyl meýi owurtlap

Gitmesene,
Galsaň munda:seni söýýän halyma
Dünýä sygmaz senli bolan bu dünýäm
Sen kemrysgal şahyryňdan nalama
Munda kem-kem bagtly bolup gidilýär

Bagt daş däldir biz ikimiz birleşsek
Birleşeris, goý, gaşyňy çytma sen
Şuňa dirär her ne hakda gürleşsek
Gitmesene, gitmesene, gitme sen...

Edebiýat, Durmus_Myradow tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir