Söýen gyzym seni hiç unutmadym,
Bir gün dolanar, diýen umytdadym,
Her gün gözümde ýaş, gelmediň yza,
Söýgim şo durşuna, hiç sowatmadym.

Hiç aýyrman seniň bakyp gözüňe,
Ynanypdym her bir şirin sözüňe,
Gije ýatlap aglap, geçen günleri,
Göwünlik bererdim özüm-özüme.

Goşgymy okarsyň bir gün iru-giç,
Saňa beren söýgim bolup galdy hiç,
Wagtyň barka gelgin söýýäkäm seni,
Ýogsam, bar söýgiňem, bolmanka bir puç.

Awtory:Söhbet Döwletow

Goshgy duzdurmek uchin Tel: +99363135973

Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir