Ýadymda:
Şol gün gara saçlaryňy penjeläp,
Gözleriňe gan öýdürip, ýürekden
Ýakyp giden ilki söýgiň barada
Gürrüň beripdiň.

Gahar jemlenipdi göreçleriňe,
Ýigrençden dodagyň titredi durdy.
Bilseň, şol gün duýgularym gorjalap,
Ýüregmiň burçuny pytradyberdi.

Söýmek hakda ýa-da söýülmek hakda
Jinnijek ýaljagam ýokdy pikiriň.
Diýdiň: “Söýşüp bagtly bolunýan bolsa,
Goý, men bu dünýäden bagtsyz öteýin!”

Gepiňe “hä” berip oturdym menem,
Ýüregmiň törüne hasrat gapladyp.
Şol günden soň, ne oýundan, ne çyndan
Saňa söýgi hakda söhbet atmadym.

Ýollar aýra düşdi,
Ýodalar gaýra.
Meni, gör, nireden çykardy ykbal!
Eger ilki söýgi ýakmadyk bolsa,
Sen meňki bolardyň.
Bolardyň ahmal...

Ýadymda:
Şol gije Aýyň yşgynda
Ilkinji söýgiňi ýada salanmam.
Şonda ökündim men, ökündim kemsiz
Bagtyňa şärik däl, dostuň bolanma…


Aşyr HANOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir