Öñ bir zaman gündiz eli çyraly
Köçe bilen baryar eken bir adam
Öñünden bir kisi çykyp diýenmiş:
"Seniñ bolup ýörşiň nähilow adam?"

Sen näme gözleýäň diýip soranda:
"Men adam gözleýän" diýenmiş garry
Biz nä adam dälmi ötegçi
O niçik adamyşyn bizlerden gaýry

Meniň agtarýanym bilimdir adam
Bilimsiz kişiler tümlikden barýan
Ýolagçydyr meniň bilen çaknaşyp,
Keýpimi, köňlümi kylmasyn weýran diýip,

Şu çyrany aldym men ele
Bilimsiz batyldyr gündizlikde-de
Olar diňe dagda-düzde büdremän
Büdräp ýörer, ine, şu düzlükde-de.

10.03.2021 13:58

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir