Gyz tisgindi,
Özem ýaman tisgindi
Garaşan hem garaşmadyk sözüne.
Aýdylanlar ýürekdendi, kesgindi,
Ýer ýok onda degişmä ýa hezile.

Bütin durky bilen sygjak ol häzir
Tapsa ýerden ýarym garyş gädigi.
Ýaňja eşdenne-de ynanmady gyz:
«Eý-ho!
Eý-ho, hakyt, şeý diýäýdimi?!»

Bir demde,
Birem däl, ýartyja demde
Gözüniň öňünde düzüldi bar zat.
Özüni ýitirdi, aljyrady gyz,
Duýgularny biri-birine garjap.

Gyzarmak, agarmak, darykmak üçin
Ýartyja sekundam ýeterlik eken.
Bir sekundyň ýary uly howsala,
Galan ýaram örme teperrik eken.

Jogap bir mahallar taýynam bolsa,
Gyz ýüregi tebil tapdy, tisgindi.
Ýogsam, bar aýdylan ýekeje sözlem:
«Ertir ejem dagy barybersinmi?»


Agageldi ITALMAZOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir