Durmuşa çykýan gyz üçin galyň almak meselesi ençeme ýurtda bar, bu ýagdaýa Musulman ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda-da köp duş gelmek mümkin. Eýsem, galyňyň yslam dini bilen nähili ilteşigi bar diýlen soraga dini ahunlarymyzyñ biri şeýle diýýär: onuň yslam dininde, nika aragatnaşygynyň iň möhüm usullarynyň biri bilen baglanyşygynyñ bardygyny aýdýar we Mukaddes Kurany Kerimde bu barada bir aýat bar, şonda şeýle diýilýär: “Aýallara olaryň mähirlerini, ýagny galyňlaryny hoşluk bilen beriň” çünki ol durmuşa çykjak gyzyñ hakydyr. Galyň Allatagallanyň oňa erkekden almaga beren hakydyr, ony (gyz) alybam, almanam bilýär, hut şonuñ üçinde, galyñy erkekden almaly haklarynyň arasynda ilkinjisi bolup durýandyr. Dinimizde galyňyň möçberi barada aýdylanda bolsa, bu barada imam agzam Rahmatulla Alynyň mezhebinde azyndan 10 teňňe bolmaly diýilýär, ýöne galyňdan gyzyň ene-atasynyň ýa-da kowum-garyndaşlarynyň bir teňňe-de haky ýokdur. Ol diňe gyzyň öz haky bolýar. pygamberimiziň (s.a.w) hadyslarynyň birinde bu barada şeýle diýilýär: “Aýallaryň bereketlirägi, aýallaryň hoş bagtlyragy, olaryň iň gowragy, mähir (pulunyň) az bolany”. Ýagny, galyňy näçe az bolsa, şonça-da şol aýalyň özi şol öýe bereket getirer diýýär. Pigamberimiziñ zamanynda bir zenana pigamberimiziñ (s.a.w) ýanyna gelip: - Ýa Resul Alla men özimi siziñ erkiñizde goýýan, isleseñiz aýalyñyz edip alyñ, isleseñiz birine beriñ, garaz näme etseñiz men siziñ ygtyýaryñyzda diýip aýdýar. Onda pygamberimiz (s.a.w) ol zenanañ ýüzüne seredip, sesini çykarman aşak bakýar. Ýañky zenanada pygamberimiziñ hiç zat diýmän oturanyny görüp olda gyra geçip oturýar. Soñra sahabalardan biri pygamberimiziñ ýanyna gelýäde: - Ýa Resul Alla, eger siz ol zenanany almasañyz, onda maña jübütläp göýberäýiñ diýip soraýar. Onda pygamberimiz: - bolýar, hany onda öýüñe gitde zenana üçin bir mährem ( ýagny galyñ) getirmegini aýdýar. Ýañky adamda öýüne baryp, görse hiç berere zadynyñ ýokdugyny görüp pygamberimiziñ ýanyna gelýäde aýdýar. Onda pygamberimiz: - hany bir gitde ýene-de bir barlap gör, iñ bolmanda demir ýa bolmasa mis ýüzükde ýokmy diýip, ýañkyny öýüne ugradýar. Emma bu gezegem hiç zat tapman, yzyna gelip pygamberimize aýdýar. Bir az wagtdan soñ ýañky adam turup gidýär, onda pygamberimiz ýañkyny yzyna çagyrdyp getirýäde şeýle diýýär: - eger sende berere zadyñ bolmasa, onda sen aýt, heý kurandan bilýän suralañ (dogañ) ýokmy diýip ýañkydan soraýar. Olda: - bilýän Ýa Resul Alla, diýip aýdýar. Pygamberimiz: - eger bilýän bolsañ, onda sen şol bilýän suralaryñy ýañky zenana öwretmeli bolarsyñ, şolda señ bermeli mähremiñ (galyñyñ) bolar diýip, ýañkylary jübütläp göýberipdir. Çeshme: www.azathabar.com ýöne bir az üýtgedip ýazylan.
Galyñyñ dini taraplary
-
hazeleye
12 years ago
- ýokla, bar zat, gowy tema haladym, sagbol
-
makgush
12 years ago
- Indi sowet soýuz ýokda jan jigim:-)
-
handsome1
12 years ago
- saol dos
-
Yegen
12 years ago
- Gyza baglydyrla bolmanda, her kim oz cagasyna yamanlyk edesi gelmez galyn diyip
-
akylym1989
12 years ago
- indä gün- günden kän galyñ salýalar.
gyz galyñy gyraw ýaly.
awtor temañ üçinem sag boluñ.
-
Gooool
12 years ago
- Berilen galyn yene aljak gelnine gaydyp gelyara. Shu dowurde galynyn ashagyndan chykyp bilemok diyyanede dushamzoklay. Mena zyyany bardyr oydemok galynyn.
-
Bravo
12 years ago
- galyň bolsun. ýöne 50-200 milýonlap bolmasyn. ýaryşmak nämä gerek
ekonomnyja bolalyňda krizisda
-
lukmantm
12 years ago
- Yenede az wagt galdy son turkmenistanam edil hindistan yaly bolar
yagny oglanlara spisek yazar gyzlar bolsa azajyk azaldayda diyip geler
-
lukmantm
12 years ago
- Wiy awtor teman ucin teshekürler :-):-):-)
-
AHAL
12 years ago
- bir omur bagtly yashashmak uchin karunynkydanam kop baylyk bermane razylay.
-
Abadan
12 years ago
- Su wagta halasyp sonam galyn meselesini onusman ayrylsyanlaram kan oza
-
makgush
12 years ago
- şoñ üçin bahany uçurmaly däldä abadan
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Hay makgush sanga gelshenok songky teswiring
-
Bravo
12 years ago
- dogry aýdýa. ep esli milýon sowurýaň. olam käwagt brak çyksa...
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Görkezeniñi görersiñ
-
makgush
12 years ago
Hay makgush sanga gelshenok songky teswiring
ýokhow mahym, men ýokarda abadanyñ
Bayramsoltan | 2012-09-29 14:49:24
Su wagta halasyp sonam galyn meselesini onusman ayrylsyanlaram kan oza
diýen teswirine ýazdym, indi pikir edip gör näme üçin oñuşman aýrylyşýalar? Meñ pikirimçe galyñyñ bahasyny oñlaman aýrylşýalarmyka diýýän.
Abadan | 2012-09-29 06:59:23
Hezreti omar aýdypdyr: mähiriñ (ýagny galyñyñ) bahasyny galdyrmañ galdyrmañ diýip. Pygamberimiz (s.a.w) öz gyzy patma üçin, hezreti alydan birje köýnek galyñ alypdyr.
Dogry, ýöne häzirki döwürde galyñyñ bahasy üýtgedi. garaz diýjek bolýan zadym bahany galdyrmaly däl. Maña tapawdy ýok aljak gelinim bahany näçe diýse diýsin, (ilden çykmasa bolýar:-)) bahany gyzyñ özi kesgitlemelimikä diýýän;)
-
Kuraldyshy
12 years ago
- Hawa, gyz galyñy islägine görä goýup biler. Munyñ üçin olary ýazgarmanyñ geregi yok. Galyñda ylala$yp bilmeseler, gudaçylyk gepinden dänmäniñ hem aýby ýok. Hat-da, bu ýagdaý soñradan ýüze çykyp biljek ýiti agzalalykdan dönmek diýseñem bolar. We galyñ bahanasy gyz alyp gaçmana hiç hili sebäp bolup bilmez !
Elbet-de, bu galyñ ì$inde-de ölçegli hereket etmek taraplar üçin has haýyrlydyr.
-
Bravo
12 years ago
- Howwa.ozumi gowja gorkezdm, inede alan zadm. Gow oglana erbet gyz dushya, yada tersne. Kimin nam boljagy dal. Denagramlysy az.
Sonam 1zada dushunemoklay, namcun gyzlar oz price nyň yokary bolmagna buysanyaray? Jogap beriňda? Barjak yernzi beylede garyp hasap etmanow. Siz akylla
-
Bravo
12 years ago
- Sonam bu dowurde munca damjalap gazanmak,toplamak yenil yelpay ish dal. Muny dine ozunz ene ata bolanzda dushunaymesenz, hazir yagdaynz chatanok
-
Abadan
12 years ago
- Hay,hay bravo ozunmi?eygilikmi,ne boldy?
Belki oglanlan ozundendir,gowja,owadanja zat d.p yapysyar,sonam nalap otyran bolyar.
Prince yokary bolmagny gyzlan isleysi yaly,oglanlaram gyzlan owadan bolmagny isleyarlera.(glavny gownu owadan bolsun d.p gosman)
Yone mena garyba garyba,bayam bayam,okuwlam okuwlyny alanyny berenini gowy goryan.
Dogry onca puly gazanmak dilde ansat,yone gyzlaram toyyny dine galyn puly bn sowjak bolyar,ozlerinden cykarman.
-
Bravo
12 years ago
- Yo,hichlay,uns bermang. Proehali.
-
lukmantm
12 years ago
- Käbir gyzlara mugt bolsada gerekdal
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Way brawo aga dayy koshesheweri:-).
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Way brawo aga dayy koshesheweri:-).
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Abadan dayzany goldayan, her kim öz deñine gowushsa gowy bolarmyka diyyän. Soñ 2 tarapam kemsinmez yaly.
-
5yyldyz
12 years ago
- Yogsada hazir galyn nacerak bolduka hey habarynyz yokmy?
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- Galyn... Kyn mesele dogrysy kan pul gerek bolya emma ilin beryanini berip gyzy halatly gyzylly etmesenem il agzy torba dal bogar yaly gep gurrun bn yuregni cisiryaler toy harajatlarynada harclanya belli bir bolegi bilini berk gusap ogul oyermeli bu dowurde yogsa kyn
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- Meni yene bir zat gyzyklandyrya name ucin teritorial gyzlan bahasy uytgeyaka meselem lebapda,dasoguzda has az son mary son balkan in cokderem ahal welayatynyn gyzlarynyn galyny asgabat babatda bolsa kate gaty az kop garaz her hilisi bar belli bir zat diymek kyn
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Balkanda ara pul 35 mln diyyärler, yagdaya göra 30a ylalashyarlar. Gyzyla bilmedim, her kim her hili
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Balkanda ara pul 35 mln diyyärler, yagdaya göra 30a ylalashyarlar. Gyzyla bilmedim, her kim her hili
-
Shahyrjyk
12 years ago
- oylenjegem dal =D
-
Shahyrjyk
12 years ago
- oylenjegem dal =D
-
URGENCLI
12 years ago
- Galyñ gadym zamanlardan bari
belli nyrhda dal.de ma$galalaryn
ýagdaýyna göra bolupdyr.
Meselem Muhammet pyhamber
Hatyja öylenende kuraýy$lar
Hatyja ucin takmynan 20 düye
bahasyna barabar galyñ
tölapdirler. Has sonra hijra
döwrunde has takygy milady
623.nji ýylda Aly pyhamberin
gyzy Patma ucin galyn hökmunde
galkanyny beripdir, cunki
musulmanlar ucin $ol agyr
ýyllarda Hezreti Alyda ba$ga zat
bolmandyr. Aly bilen Patma $eyle
bir garyplykda toy edipdirler weli
hat da olar toy myhmanlaryna
dine gatyk we hurma hödur
edipdirler. Yatanlarynda goyun
derisini du$enmeli bolupdyrlar.
Umuman galyn iki tarapyn
ýagdaýy terezä salnyp $ona görä
kesgitlenipdir
Men hakykaty öñem gözläpdim
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Bey diymäweri shahyrjyk:-D
-
URGENCLI
12 years ago
- Yokarda jogabymda iñ sonky sözlem yalny$ gitdi, bagy$lañ!
-
URGENCLI
12 years ago
- Yokarda jogabymda iñ sonky sözlem yalny$ gitdi, bagy$lañ!
-
globus
12 years ago
- Galyñ agyr bolsa bir uly peydasyha bar,olam alan gelniñ arzyly bolar, yogsa yoookardaky agzañ aydyshy yaly,gelin galyñsyz bolsa tersleshmegem,kovmagam,urmagam gaty yeñil bolar sebäp diyseñ gyzlara itiñ mugtyna (sen bolmasañ senemjan) etjekler,shonuñ ücinem haas arzanam bolmasynlar
-
globus
12 years ago
- Galyñ agyr bolsa bir uly peydasyha bar,olam alan gelniñ arzyly bolar, yogsa yoookardaky agzañ aydyshy yaly,gelin galyñsyz bolsa tersleshmegem,kovmagam,urmagam gaty yeñil bolar sebäp diyseñ gyzlara itiñ mugtyna (sen bolmasañ senemjan) etjekler,shonuñ ücinem haas arzanam bolmasynlar
-
Karat
12 years ago
- yone mena garyba
garyba,bayam
bayam,okuwlam okuwlyny
alanyny berenini gowy
goryan.
abadan | 2012-09-30
02:43:39
siz bilen ylalashamok uyam. garyp bayy, bay garyby, okuwsyz okuwlyny soyup bilmezmi? bu yerde okuwa girmek uchinem esasy baylyk rol oynaya we adam garyp bolup dogulany uchin yazgaryp bermezligi dogry hasaplamok. baylyk,garyplyk her kimin (okuwlynam, okuwsyzynam) bashynda bolup biler. kime barsyn, kimi alsyn-bagtly bolsun! bir akylly gyzdan barjak yigidin obaly, garyp bolsa naderdin diyilende ''goy iyjegini tapyp chatmada yashatsyn, yone shol chatma men un jennetden bir pay bolsun'' diyipdi.
mtsmts 12 years ago- Biderek zat galyň. Sowet dowrunde galyň üçin basyadilar. Onaryan ekenler