başdan geçirmeler (2-nji bölüm) 1998-nji ýyllar. tomus. o wagtlar daşarda tapjanda ýatardyk. ir bilen gun dogmanka ejem turuzyp "bar yuwun! hazir hä diýmän yssy düşer, yssy düşmänkä şähere galdyrbibi daýzaňlara baryp çakylyk aýdyp gaýt" diýip goyberdi. aý çagada, gapdalyma ýoldaş gozlap goňşy ependilere barsam daşarda tapjada hor çekip ýatan eken. tuzurjak bolýan welin eger-eger. seretsem tapjaň gyrasynda pişigi ýatan eken, alyp ýüzünde goydum weli wääää boldy. garaz ýagdaýy aýtdym, gideli diysem ejesi ibermedi, öten agşam friendşipleň ýatagyna girip gölelerini boşadypdyrlar welin öýden çykarjak däl diýdi. şonda-da eýdip - beýdip alyp gaýtdym. tapan tupanymyzy geýişdirdik. o wagt näme hazirki ýaly darajyk jinsi bamy, gelnejemiň gelin bolup geleninde getiren gyýma balajygy, galoşjyk, garpyz damdyrlanja koynejik, ependiň eginem şonuň ýaly ... şeýdip ýola duşdik. uly ýola ýetip barýakak vipboy sygyryny kowalap süriň yzyndan ýetirdi. ýatyp galyp suruden gija galypdyr. ependem gygyrdy "şähere gitjekmeeý" wip aýagy şortyklyja, çala ýyrtylan köwuşjik, egnem nu pogodili maýka, ýok diýip bilmedi, şo durşuna yzymyza duşdi. 3 bolup ýola çykdyk. awtobus geldi, mundik. suruji ýaman seretdi, asyl ata aga eken tanan bolaýmasa. içinde birtopar sary paketa salynan ukrop-petruşka bar eken, daň bilen gök bazara barýan prezident paketlerini biri alar öýdendirdä barynyň sapyny birine daňyp, berk ýapyşyp oturan eken. awtobusda ýene biriniň çagasy ejesine azar berýa, "şo petruşkadan 1 ştuk äbermeseň meňem seň ogluň bolmadygym" diýip, şo sözler hemmäň unsuni ozune çekdi. seretsek asyl çagada däl ekenlaý özumiz ýaly oglan student3 aý awtobusda dik durup ýadap ugradyk, yzky oturgyçlaň birine geçdik. gapdalymyzda oturan ogan eline ukropdan birini alypdyrda öňdäki oglanyň gulagyna degirip aýyrýa. öňdäki oglanam zol-zol yzyna seredip "beýtmäýow" diýýä welin ýene görgülä gun bermedi. soň duralga gelemizde öňdäki düşup gitdi yzyndan bulam eňdi. gapa ýetenlerinde-de güpür- tapyra boldy welin näme bolanyny gormedik. soňam nohurlyagzaň ylagap gidenini birem sylapmeniň üstuni kakyp duranyny gorduk. duralgadan mahri, littile, aýnaş, aýjagaş, jemka91, ...gyzlar mundiler. okuwa barýan bolmaly. ellerinde ýarty kesemen çörek, beýleki elde suwjagaz, mata sumkalyja. ýene aladin, jumanji, sahet, nigthwolf,alemdarow wento, nlo dagylar uýşip bir ýerigä baryan ekenler, ellerinde balyk tutulýan tor bilen uzyyn çeňňek. ol çeňňegem uzyn bolansoň dyknyşyk awtobusda ýer tapmady. kimiň garnyna çümýä, kimiň ýeňsesine... ahyry awtobusdan düşdik. şähere geldik. gözegňize getiriň 3 sany passan şäherde. indi daýzamlara barýançaň ýol uzak. her hili adam gorýäs ýolda. biri dagy gözi aýnekli oglanjyk, çigit çakan bolup. bir elinde-de çuýşeli limonad, kakasynyň moskawijine ýaplanan bolup, krutoýsyrap idealman duran eken. soň aňňyrakda biri gabat geldi döşune "montana" diyip ýazylan, weliklije aýlanan bolup ýoren ýaly welin birden ýok bolaýdy. şo wagt lýuklaň gapagy o diýen däldirdä, gapak beýlesine öwrulip, ahalyň weliginiň ýarsy lýuka gaçan eken. zordan çykardylar. dalşe ýolda makguş gelýän eken ejesi bilen. ellerinde sogan- kartoşka, et we birtopar gok onum.... bir zadyňa aladysyndadylar. (makguşyň şo wagtlar toýy edilmedikdi öýdýän) marojna satylýanyň deňine ýetipdik. biýänsiňiz çaga wagtyn nähili marojna iyesin gelyanini. miraž marojnadan adama birini aldyk. ependi dagy ozuniňkini iymanka wipiňkä dawwa edýä. wipem damdyryp damdyryp bir iýýä. soň bir ses eşidilýä "bokurdagyňa gurşun guýaýmaly boldy! boldy et! " diýip birä çagasyna käýinýä. ol gyzjagam "eje marojna iymesem mugallym maňa 5lik goýarmy? " "goýdurarys gyzym ýor oýe gaýdaly, kakaňam garaşyp oturandyr " diýip ejesi jasminkaň elinden tutyp alyp gitdi. soň parkyň deňine ýetenimizde mirasymyz, ürgençli, adgjmptw dagylar arassa howadan dem almana, jigilerini az salym gezdirmane aýlan - çaýlaňa çykan ekenler. salamlaşyp ýoly dowam etdik. soň aňňyrrakda somsa bişýän eken. satyjysam bir eli açyk gyz diýseňem puluny bereňsoň hemme satyjam şeýle...diýip abadana 3 somsa zakaz etdik weli wip paketjik çykaryp "ýolda ajuksam sizdendir" diýensoň 4ini zakaz etmeli bolduk. soň ýene ýola duşdik. "depdä näme aňalyp dursyň, ber pokgini leonardo, öňe depä how bar olaň howlysyndan pökgini alyp gel" diýip trenerleri gygyrya. o barmanada setkaly kalitka açyldyda brawo çykdyda ylgap gitdi özä baglyga tarap... futbol meýdançaň deňine ýetemizi duýman galypdyrys. öňde bir butkajyk suw satylýana meňzeýärdi. daş toweregine tom bilen jerryň suw içip duran suratlary çekilen. hälki somsadan soň suwsamsoň ýaňky butga bardyk. " 3 stakan gazly suw gyýsana" diýdim welin aljyradymy nämemi güpür-tapyr boldy. näm bolduka diýip boýnumyzy suyndirip seretsek stakany gaçyrmajak bolup ozi gaýdan eken gorguliň. şagyrdadyp grantdan guýulýan däldä o wagtlar näme makloşkada gazlanyp goýulan. guyup uzatdy, wipe geçirdim suw kiçiňki diýip weli oň elinden ependi alypdyr. beýleki stakany geçirmedik bolsam gyrlyşjakdylar. soň suwuň puluny uzadamda şemal öwusdi-de butkaň içi gorunip gitdi, seretsem suwçymyz merw92 eken. ýoräp ugradyk ýene. daýzalar ýatdan çykyp barýan ýaly, bizem towerek bilen başagaý. bazara golaylandyrysda adam kopelip ugrady. "gel köz ýaljak garpyza gel, ed köz ýalyjakdyr hooow!!! gurçuk çykmaz hiç, çykaýsada maňlaýdyr" diýip biri gygyrýa uly oglanam dällaý garypjan eken, garpyzyn ustune çykypdyr. soň aňyrsynda sarymsak satýan eken ýuzi saram-saram, ellikli zatly, "sarymsak iýmelimi jigim, eýranyňky orginal, agzyňdan ysam getirenok gyz hehehe" zat diýip birzatlara diýişdirýä. akylym89 bazaram eýelän eken. geçip baryas welin biri aýajygny gymyldadan bolup, her hili aýdym aýtdyran bolup, arasynda herekedi bilen tansam ediberýä, şeýdip gyzlary özune çekip dur birä diýsek ýegen kaseta satyp duran eken. son biriniň elinde 8 çörek, biriniň elinde 7 çörek, haýdaşlap iki oglan barýa. çöreklerem pakeda salmandyrlar weli gaçjak-gaçjak bolanda durup duzedip ýene ýorap, garynjalaň bugdaý daşaýşy ýaly bolup ozik bilen turkmentug ýyljak çörek äkidip barýan ekenler. bazardan geçdik etdik welin bir oglanjyk ýol gyrada şänik dowup otyr. onam döwup bilman çekiji gatyň urup şänigi mynjyradýa. şeýdi arasynda-da barmagyny urup goyberdi weli ýaňky oglanyň sesi ýetman dine agzy açylýardy, birem gozunden ýaş damýardy. oganyň maýkasynda younglord diyip yazylandy. howa salkynlap ugrapdy. daşaram garaňkylamak bilendi. daýzamlara ýetiberenimizde podýezda bir gyzjagaz eli almaly, kitap okap otyran eken. son ýanyna bir ulyrak biri gelip almasynyň ýarysyny dişläp gitdi. gyzjagaz aglajagnam bilmedi guljegnem tekegyzytatyana bolup otyryberdi. barmaly ýere geldik diýenimizde gapdalda ösup otyran makluraň aňysyndan şygyrdy eşidildi. bu pişik kowalamana ökdelän wipiň unsuni özune çekdi. ependi daş bilen läşertmage taýynlandy. emma otaýda has ulyrak zatdan "hüüüüüşşşşştt" diyen ses çykdy. gorup otyrsak juwan oglan, soýgin ugrynda lýuboý maklura (tikenli agaç) dyrmyşyp gitmäne taýýar ýigit, eli azajyk süllerip ugran gulli merdan1 çykdy. duşuşyga gelen eken. ahyry ýetdik. aýtmaly zatlary aýtym. oýe gaýdyşymyz ýadowlykdan ýaňa kan ýada duşenok, ýone wip oylerine baranda "şu durşuňa, aýtman niräk gitdiň garadyryn degen! seni gozlap tas gazeda obýawleniýa ýazypdyk....." ependi ikimiz gaty-gaty ýorap oye bardyk. soň az salymdan daşary çyksam ependilerden gelýän ses "ýene ýekeje gezek jigiň balagny geyip gidaýseň, edd bogaryn kellesi kesilen....." soň oýe ejem geldi, men gormänkam ol meni gorupdir. "eje geldim..." diyenimi bilýän.... çyra öçüpdi :) şeýdip çagalyk ýyllarymyzyň bir günem geçip gitdi....
Başdan geçirmeler 2
-
tef
12 years ago
- gaty gyzykly eken
-
Yegen
12 years ago
- magnit tapýaňaý senem
-
vipboy
12 years ago
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- saherdaki bibi dayza menmikam diyipdim welin men son podyeze cykyp alma iyip otyr ekenim. Betow magnit gowy yazlypdyr
-
Yegen
12 years ago
-
makgush
12 years ago
- Sagbol Nuryşka gowy düzülipdir, gyzykly eken! hawwa magnit şol wagt men toý bilen başagaý bolup ýören günlemdi.
Iň soňunda çyra öçüpdi diýýäň welin, ejeň gijä galanyň üçin seň çyraňy öçürüpdir öýdýän?=)
-
mirasymyz
12 years ago
- Sagbol Magnit. Indiki gezek shunun yaly shahere "gitmeli" bolsanyz Ahalam alyp dort bolup gidin. Ha-a-a a urgenchlinem al. Yogsa agzalammyz azalaymasyn. Ikisi yanyrajygynda bolsunda. Vip bilen Ependin-a yanyna alypsyn.
-
magnit
12 years ago
- howwa makgush sheylerak öydyän :)
Indiki sahypamyzda gözegnine tutarys miras aga
-
AHAL
12 years ago
- miras agany yanyna alsana bize kakdyryp ozi gidesi gelyan bolmaly.
Gowy yazyssyn yone shu men aydanymam bir goz onunde tutgun.
-
turkmenntug
12 years ago
- berekella.gowy ýazypsyñ ,Nury beg.
-
ependi
12 years ago
- bet kakdyrmashak gidyami bey diyman nikleri yapaymaly eken elinden gelip duran zat, urgencli bilen ahal name etdi
-
mirasymyz
12 years ago
- Aý nätdiňizaý, degişýän how. Saýty taşlap gidibermäň birden.
-
ependi
12 years ago
- howwa degishya, sayty tashlap gitmezmikaniz birden diyjek bolly
-
AHAL
12 years ago
- arkayyn bol sayty buderek zat uchin tashlajak oglan dal ozima. Yone sho yokardaky sozin gowy gelshmedi. Gayrat et meni hich kim bilen denemejek bolsana.
-
mirasymyz
12 years ago
howwa degishya, sayty tashlap gitmezmikaniz birden diyjek bolly
ependi | 2012-01-30 23:38:04
Aý nätdiňaý Ependi aga, şeý diýjek boldummy???
-
ependi
12 years ago
- howwalay
-
Senem
12 years ago
- Gyzykly eken. Hany men? :)
-
ependi
12 years ago
- miras agadan sora shol duzya kimi goshmaly kimi goshmaly daldigini
-
magnit
12 years ago
- borlaýow temany uýtgetmaliň, indi hiç kimem goşulmaz biynjalyk bolmaň!
-
ependi
12 years ago
- aý şu miras ony goşmaly eken muny goşmaly eken diýen bolup özüni goşdurjak bolýandyr marožnaly ýerini okap özem iýjek bolandyr
-
vipboy
12 years ago
- ilki b,n salam magnit gowy yazipsin gowy degishme, hekaya...
Oglanlar gayrat edinde temadan dashyna gechman eger men gechip bashlasam hemme temadany flutlap chykarn...
Sonam kakdyrmashygam tashlan, men kakdyryp bashlasam erwet kakaryn...!!!!!
-
Merw92
12 years ago
- Gowy yazylypdyr(+) awtora ulakan sag bolsun aytyan :D
-
sahett
12 years ago
bolun bolun turyn indi balyk bizden gorkdy( aladin, jumanji, sahet, nigthwolf,alemdarow wento, nlo)
-
nightwolf
12 years ago
- sagja bol magnit dost bu ikinji bolumne bizi yatdan cykarmansynow berekella, yzyny uzaldyprak dur gyn how
-
nightwolf
12 years ago
- sahett senem tapyanow surat :-)
-
akylym1989
12 years ago
- aý magnit senem bir zat tapýaňla tüweleme gyzykly ekeni soňuna çenli okadym
-
jumanji
12 years ago
-
jumanji
12 years ago
- sahett biziñ niýetimiz uly, $u gùn balyk 4orba iýmek4i.
-
Mahrish
12 years ago
- Magnit "dowamy bar" diýeniñde köp gara$maly bolar öýdùpdim. Tùweleme, gara$dyrman dowamynam derrewjik ýazypsyñ. Gaty gyzykly ekeni, gùlùp hezil etdimle. Sag bol
-
Kuraldyshy
12 years ago
- hay tüweleme,
-
Ayjagash
12 years ago
- Salam agzalar. Magnit govy yazypsyn. Gulup oldum.
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Gaty onatja yazypsyn. Sen yaly shahandazlaram geregow sayta, onraga sayty dine soygi temalary eyelapdi. Sag bol magnitik :-)
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Gaty onatja yazypsyn. Sen yaly shahandazlaram geregow sayta, onraga sayty dine soygi temalary eyelapdi. Sag bol magnitik :-)
-
prezident
12 years ago
- magnit nämäň çakylygy ol toý etjek bolýaňyzmy, toý etjek bolsaňyz öýdäkilere aýt, toýa gök-sök gerek bolsa arzanjak edip bererin -50% yskidka edip.. ok!;)
-
merw557
12 years ago
- bet bolupdyray magnit.
menem powor boljak onda toýda, talyp.comyň agzalaryna nahary etlije edip guýup bererin.
-
makgush
12 years ago
- =)Baýbow...
-
prezident
12 years ago
bet bolupdyray magnit.
menem powor boljak onda toýda, talyp.comyň agzalaryna nahary etlije edip guýup bererin.
merw557 | 2012-01-31 12:18:52
salam mary557,seret.. palow edilsä käşirini köpräk guý, çorba edilse ýagyny azyrak guý .. prosta ýagly bolsa kän halamok ...ok!
-
magnit
12 years ago
- aha ady agzalmadyklar öykeleman, hemme agzany yatdan bilmek mumkin däl, indi goshularsynyz :)
Sahet surat betlay :D
-
vipboy
12 years ago
- howwa sahet surat yerini tapypdyr :D
Agzalar toy etseniz bizi chagyrmagynyzy unutman :D
-
AHAL
12 years ago
- palow etsen doss men wkusuma burunjem gerek dal kashirem gerek dal, dine sogan bilen etli palow etsene :D
-
magnit
12 years ago
- dowamy bar ..... :)
-
pawel
12 years ago
- sag bol. magnit aga gülip hezil etdim. kino düshiräýmeli bolupdyra
-
magnit
12 years ago
- Hawa kamera tapsak ugruna cykmakcy :D
magnit 12 years ago- ýazylan wagty 31.01.2012ý. 02:46