gadyrly agzalar birinjiden diýjek zadym, soňky döwür talyplar com.-a ýazylýan ýazgylaryň öňkilere garanyňda gadyry gaçdy. meniň özüm bir ýyla golaý wagt bäri şu ýere girip ýazgylary okaýaryn. Ýöne soňky döwür gyzykly, manyly,taryhy, sporta degişli ýa-da ylym-bilime degişli, täsirli temalary göremok. goool diýip bir agza bardy, sportda täzelik bolsa ýazýardy. Soňky döwür ynsanam ýazanok. men köne ýazgylary okap görýän. garabekewil, ata, şahyr, muhajir we gaty kän agzalar bar eken, gyzykly temalar ýazyan ekenler weli gazet küýsetjek däl. Şu ýerde her bir agzanyň ýazýan ýazgysy bilen ýüzi görünýär, kimdigini bilip bolýar. geliň bizem biri-birimize hormat goýup, "biderek tema açypdyraý" diýdirmän, kellämize gelen zady ýazyp ýörmän, arassa dilde, manyly, peýdalanyljak, "şul agza gowy ýazgylar ýazýa" diýdirip, talyplar com.-a biraz bezeg bereliň. hapa sögüp ýazsalar, "urana elsiz, sögene dilsiz" bolup, "it üýrer, kerwen geçer" edeliň. Şonda nesip bolsa agzalaram, okyjylaram sizden müňde bir razy bolar. meniň aýdanlamma razylaşarsyňyz diýip umyt edýän. ikinjidenem, esasy tema geçeliň. Meniň özüm aşgabatdan. Ýöne marynyň taryhy hakynda bilesim gelýär. kitaplary dörübep bilip bolar welin, talyplara esasy marylylar köpüräk agza bolansoň öz jogaplaryny biläýin diýdim. maryda haýsy taýpalar, tireler bar? seljukly döwründe maryň ilaty haýsy taýpady? türkleriňem aňyrsy marydan giden türkmenler diýýär, olar haýsy taýpadan? Ine meniň gysgaça soraglarym. soragym bolsa ýee ýazarynda.
MARU-ŞAHU-JAHAN
-
Diamond
13 years ago
- Dogry bellap gechipsin mirasymyz! Shu tayda menem kop wagtymy talyplar.comun arhiw-taryhyna sarp edyan. Bu tayda onki yazgylara seredyan welin her hili gyzykly maglumatlar yazylan. Kawagt yaltanman okap chykyan baryny, sheydip agzalarymyz gyzykly zatlary yazyp dursalar, sagbolsuny mydama bizden! Yone Mary hakynda taryhy gowy bilyanrakleri bardyr, belki olar jogap berer! Mirasymyz sagbol shu temany gozganyna, menem shu pikiri gozgayyn diyip yordum. Agzalarymyz yenede gowy-gowy temalar achyp gyzykly maglumatlary yetirip dursunlar!!!
-
mirasymyz
13 years ago
- sagboluň goldanyňyza. diamond, kemaru ikiňizede. bütün talyplaň agzalary bolup peýdaly temalara garaşýas sizden. hakykatdanam şu saýtyň tagamy gaçdy diamond. geliň bizem aýaga galdyrjak bolalyň. näme täzelik barka diýip girýän welin, derekli okar ýaly zat ýok. nesip bolsa gowlanarda.
-
Friendship
13 years ago
- Gowy tema gozgapsyñ, mirasymyz! Menem maryly. Özümem taryh bilen gyzyklanýan. Soraglaryña bilýänjelerimden ba$ardygymça jogap berjek bolaýyn. Gadymy seljuk türkmenleriniñ watany bolan marynyñ , ýagny, maru-$ahu-jahan ýurdunyñ asly, takmynan, 3000 müñ ýyl mundan ozal gaýtýar diýip taryhçy alymlar, dünýä belli arheologlar çaklaýarlar. Sebäbi, gadymy margu$ $äherinde gazu-agtary$ i$leri geçirilende tapylan galyndylar bu çaklamalary tassyklaýar. Merw beýik seljuklylar döwründe özüniñ alyp barýan syýasaty, ykdysadyýeti, medeniýeti bilen diñe bir regiona däl, eýsem, tutu$ yslam älemine täsir edip bilen döwlet bolupdyr. Edil $ol döwrüñ medeni durmu$yna garasak, bu döwlet ösen siwilizasiýada ýa$apdyr. $ol wagtlar dörän seljuk imperiýasynyñ düýbüni tutan, ony bütin dowamynda dolandyran teke türkmenleridir. Bu imperiýa dagandan soñ müñlerçe öýli türkmeni yzyna dü$ürip türkiýä äkiden, ol ýerde bolsa bütin dünýäni sarsdyran osmanly imperiýasyny döreden ärtogrul gazy hem, onuñ ogly osman gazy hem teke türkmenlerindendir. Häzirki wagtda mary welaýatynda ýa$aýan türkmen tireleri barada aýtsam bolsa, tekeler, ärsarylar we saryklar. Meñ ýalñy$ýan bolmagymam mümkin, belki, ba$ga-da bar bolmagy mümkin. Ýöne meñ bilýänlerim-ä diñe $u taýpalar. Ýeri gelende aýtsam, dünýä belli alym-arheolog w.i.sarianidiniñ geçiren barlaglary netijesinde margu$ $äherinde tapylan gadymy galyndylar, bu $äheriñ "unesco" guramasynyñ sanawyna go$ulmagyna ýardam etdi. Mary welaýatynda ýerle$ýän "soltan sanjar" mawzoleýi, "gyzlar" galasy, "oglanlar" galasy ýaly gadymy ýadygärlikler hem bütindünýä gymmatlyklaryna go$uldy. Ine, mirasymyz, men-ä öz ýadyma dü$en zatlaryma ýazdym.
-
mirasymyz
13 years ago
- berekella, berekella. sagbol friendship ýazan jogabyňa. ýöne, birinji gezek eşidýän seljuklaň düýbini tutanlaryň we ärtogrul gazy, osaman gazyň teke türkmenlerdendigini.
ýene-de bir gezek sagja bol friendship. agzalar soragyňyz bolsa beriň friendship-e maryň taryhy hakynda.
-
zagajkis
13 years ago
bütin dünýäni sarsdyran osmanly imperiýasyny döreden ärtogrul gazy hem, onuñ ogly osman gazy hem teke.
Suny hemmelerin bilmegi gerek.
Turklerede owretmek gerek suny
goy bilsinler bizin kimdigimizi.
-
Kharkiv
13 years ago
- Tuweleme oglanlar gaty owy zatlar yazypsynyz. Hakyky biz Turkmenler ozumizi gaty gowy tanatmaly DUNYA goy bilsinler Turkmenlen nahilidigini!!!
-
AHAL
13 years ago
- artogrul gazy we onun ogly osman gazy ikisem teke turkmen gaya tiresinden!!
-
Camry
13 years ago
- Elbetde dogry! Seljuk imperiyasy, döwrunde dünýäni sarsdyran imperiýa! Siz "Badalgam Merw" diyen kitaby kopiniz okan bolmagynyz mümkin, shol kitapda-da türkmenleriñ nähili örñäp, nähili derejede dünýäni sardyrandygy barada maglumatlar örän kän!
-
zagajkis
13 years ago
artogrul gazy we onun ogly osman gazy ikisem teke turkmen gaya tiresinden!!
AHAL | 2011-02-12 04:06:43
dogry aydyan yone bir zady belemli olam marydan dalde arkacly bolmaly ikisem has dogysy ahaldan.
-
Yazlale
13 years ago
- men bilyanlerim gadymy merwde dunya belli in uly kitaphana bolupdyr, seljuk turkmenlerinin in sonky soltany SoltanSanjar hem Maryda Merw gadymy yupek yolun ugrunda yerleshyar. umuman merwin taryhy uzak...
-
Aristokrat
13 years ago
- Frendship seljuklañ düýbini tutanlañ teke türkmendigini nireden okadyñ?
-
Aristokrat
13 years ago
- Mirasymyz menem azajyk go$aýyn. Merwda seljuklar döwrinde mangollar gelmänkä 12 sany uly kitaphana bolupdyr. Häzir çaklanýan ýerlerde gecirilen gazyp agtary$ i$leri gecirilýä ýöne $ol kitaphanalañ biriniñ hem galyndylarny tapanoklar. $ol döwirde ýa$an taýpalar barada anyk maglumat berip biljek däl. Ýöne häzir maryda teke,saryk,salyr,ärsary,aryk,ata,seyit,hoja,magtym,$yh ýaly taýpalar ýa$aýar.
-
ependi
13 years ago
- kän ekenaý
-
ependi
13 years ago
-
nohurlyagza
13 years ago
- Mary fransiyada bir saher.
Mary saheri
Maryland (yylanlaryn yurdy): USA-da bir stat:
Maryland_yylanlaryn yurdy
-
magnit
13 years ago
- nohurlyagza normalny jogap yazsana dost ! Tema gorä jogap ber, $utayda señ nohurlydygyn hakda gurrun gozgalanok, tak cto ilden cykma! Fransia nirden kellane gelyaray...
-
Friendship
13 years ago
- Nohurly, sen $o fransiýadaky mary $äheriniñ taryhyny, to est, haçan kim tarapyndan döredilenini aýdyp bersene?! Haýsysy has ir döredildikä - türkmenistandakymy ýa fransiýadaky?
-
Friendship
13 years ago
- frendship seljuklañ düýbini
tutanlañ teke türkmendigini
nireden okadyñ?
aristokrat | 2011-11-03
02:18:41
"maru-$ahu-jahan" gazetinden. Irräkdi. Haýsy sanyndadygy anyk ýadyma dü$enok.
-
ependi
13 years ago
- :D
-
ependi
13 years ago
- fransiýadaky barada wikipediýada maglumat ýok öýdýän, Türkmenistandaky Mary barada bar, biziňki betdaý
-
akylym1989
13 years ago
- Gdymy Merw hakynda meninem aytjak zatlarym bar. Cunki men Maryly bolup oz yasayan yerrim hakynda bilmesem bu utanc ahyryn. Maryda su wagt men bilsimce tekee, arsary we saryk yaly tireler yasayar. Welayatymyzyn in owadan yeri bolan Bayramaly saherindaki gadymy yagygarlikler Merw saherinin gullap osendigini subut edyar. Muna mysal edip BAyramaly saherindaki yadygarliklerden Soltab Sanjaryn hummeti, Gyzlar galasy, Oglanlar galasy, Hoja yusup Hemedany, Zulpi Kefil, Hajymelegin tamdyry 4 caryyarlar mysal bolar. Yene hem gadymy Margus dowletin hakda hem aytmak bolar 1972 yylda Wiktor Iwanowic Sariyanidi gazuw agtarys islerine bashlayar. Gazuw-agtarys islerin netijesinde birnace tapyndylar tapylyar. Hatda otparazcylyk yagny zaostrizim dini hem Gadymy Margusda doran diyip hasaplanyar. Mara tarap yolun dushse aydayyn men sizi aylayyn hehehhe
-
Aristokrat
13 years ago
- Frendship ýalan maglumat beripdirler gazetda. Teke taýpasy 15 nji asyrlarda döreýär.
-
Aristokrat
13 years ago
- Zorastrizmiñ margu$da döräni subut edildi.
-
Friendship
13 years ago
- frendship ýalan maglumat
beripdirler gazetda. teke taýpasy
15 nji asyrlarda döreýär.
aristokrat | 2011-11-03
12:03:15
ýalan maglumat berendikleri baradaky maglumaty nireden aldyñ, aristokrat?
-
Aristokrat
13 years ago
- Abulgazy bahadurhanyñ "türkmenleñ nesi daragty" diýen kitaby bar ba$gada türkmenleñ nesil daragty diýen kitap bolmaly $olarda görkezlen
-
Ayjagash
13 years ago
- Gowa zatlar yazypsynyz. Dogrumy aytsam ozum marly bolsamam taryhyn bilemokdym. Kop kop sag bolun.
-
Panturkist
13 years ago
- Friendship oglanlara yalnyş maglumat berme!
Men özüm teke yöne, Seljuklyny tekeleriň diyip yalnyş maglumat yazma, ol döwürde bu tireler yokdy. Seljukly "gynyk" taypasy tarapndan döredildi. Teke, saryk, yomut, arsary yaly tireler son döredi. tekeleriň mary we ahal iline göçüp gelenine entek 3 asyram bolanok. maryda ön saryklar yaşayady, ahaldada yereliler. tekeler demirgazyk türkmenistandan göçüp geldiler, ilki bilen gödepa, son tejene, saragta, saragtdan sonam 19-njy asyrda mara bardylar(gowşut han wagtynda). Şol döwürlerde tekeleriň esasy 2 şaheri bolyar, mary we gökdepe.
Maryda tirelerin yerleşişi bolsa: Mary, wekil, sakarçage, murgap, garagum yaly etraplarda tekeler yaşaya. yolöten, guşgy, tagtabazar etraplarynda bolsa esasan saryklar yaşaya, beyleki tirelerem az sanda bar.
"merw" dünya taryhçylary tarapyndan 12-asyrda dünyanin in köp ilatly şaheri diyip bellenyar (XI asyrda rim eken,XII merw, XIII Konstantinopl...)
-
nohurlyagza
13 years ago
- oguz hanyn nohur bolandygyny bilyanz dami?
-
ependi
13 years ago
- howwa bilyas obamanam ayaly nohur ekena, kaddafam nohur
-
Aristokrat
13 years ago
- Nohurlyagza "nohur" diýen söziñ manysynam dü$indiräýseñ
-
Friendship
13 years ago
- Panturkist!!! Oglanlara berýän maglumatymyñ ýalňyşdygyny ýa dogrudygyny senem çözmeýäň, menem! Men bularyñ dogrudygyny 100% tassyklammok. Okan maglumatymy size ýetirýän. Isle, alyñ! Isle-de, almañ!
-
magnit
13 years ago
- nohurlylan asly gresiyadan yesir tutulyp getirilenlera, name diysenem nohur bir diyme))
-
student3
13 years ago
- hay ... Cemcejik!!!
-
Panturkist
13 years ago
Panturkist!!! Oglanlara berýän maglumatymyñ ýalňyşdygyny ýa dogrudygyny senem çözmeýäň, menem! Men bularyñ dogrudygyny 100% tassyklammok. Okan maglumatymy size ýetirýän. Isle, alyñ! Isle-de, almañ!
Friendship | 2011-11-04 01:54:14
"seljuklylaryň düybüni tekeler tutdy" diyip okamadygyňy men 100% bilyan. aydan zatlaň yalňyş yerini lyuboy taryh okan adam aydyp biler,artogrul gazyny we osman gazynam teke edip goydunaow :))
-
Friendship
13 years ago
- Sen näme okamadygymy biler ýaly nastradamusmy?
-
Kuraldyshy
13 years ago
- http://www.hsimsek.com/haberindevami3.asp?id=%20155
umuman mary hakynda owalam temalar açylypdy, owalam kabir jogaplar yazypdym. öz watanymyzy öwrenmek elbettde, onat iş. gezegi bilen beyleki welayatlara hem degersiniz diyip pikir edyan. yokardaky saytda osmanlym bilen türkmen taypalarynyn arabaglanşygy bar gysgaça. teke taypasynyn(aşireti,boyu) adynyn türkiyede birnaçe yerlerde duşyar. mary welayatymyz 'gowy' umuman. tekeler, atalar,arsarylar,saryklar,kürtler, buluçlar, agzybirlikde yaşayarlar. seljuklylar maryny paytagt edindiler. margiana, marguş, merw, mary, maru-şahu-jahan atlary bilen belli döwürlerde meşhur bolupdyr.umuman kök-'mar' -yylan adyndan gelyar. yylan hem gadymda mifleşdirilen(yuwdarha,ajdarha) haywanlaryn biri. soltan sanjar tussaglykda wagty iki gezek yaly talanyar öytyan 'paytagt mary'. soltanyyn taryhy yalnyşy diyip bolar muna. mongollaryn çozuşundan son hywa hanlygynyn, owgan emirliginin we eyran şalygynyn arasynda paylaşylmayan welayat. yagny söweşler sebapli kan oturumly bolmadyk, bentler berbat bolup ekerançylyk çöken. şu wagtky esasy ilaty bolan tekeler ilki ahala, son bir bölegi sarahsa, sonam toparlayyn mara göçyarler.gowşut hanyn hanlygynda(beylekilerin ona han diymeleri bilen) 24 sany eneyaplar gazylyar we hazirem ulanyşda. bentler gurulyar. ruslaryn gelmegi bilen senagat ösüp başlayar.
günümizde yurdumyzyn, şol sanda marynyn hem uly potensiyaly bar. öwünen bolaly-kitaphanany hem marylylar has köp okasyn diyip açdy prezident. nesip bolsa, jigilermizin we doganlarymyzyn mundan we bulardan dogry peydalanmalary üçin bizem 'gayrat ederis'. to be continued mi yazyarlar
-
nohurlyagza
13 years ago
Nohurlyagza "nohur" diýen söziñ manysynam dü$indiräýseñ
Aristokrat | 2011-11-04 00:43:48
nohur nahur sözinden gelip çkan. nahur diýmek dag tekesi, dag goýyny diýmek. inhäde link:
Nahur
Netijede teke tiresine iň ýakyn tire biz nohurlardyrs. Galanyňyz daşyrak bolýaňyz.
-
student3
13 years ago
- haha tire taypa gecaydinizmay.hemmanizem allanyn bendeleri.mary baradaky taryhy zatlar kim yasapdyr haysy tire yasapdyr ony bilemak yöne merw mary swilizasyañ ösen yeri bolmaly .
-
magnit
12 years ago
- .
-
Burkaz
12 years ago
- panturkistin ytyany dogry menem teke hic yerde okamok tekeler seljuklan duybini tutdy diyip
-
Induksiya
12 years ago
- merw (farsi dilinden: مرو) – (marguş, merw,marruh, merwan) häzirki mary şäheriniñ ady, fars dilinde häzir hem şeýle ulanylýar. türküstanyñ (merkezi aziýanyñ) iñ gadymy şäheri bolup häzirki baýramaly şäheriniñ ýanynda ýerleşendir. “mary”, “merw” atlary tutuş daş töweregi gurşap alyp duran ýerler hem göteripdir. merw şäheri biziñ eramyzdan öñki vii asyrda öñki erk-gala şäherçesiniñ ýerinde döräpdir we gysga wagtyñ içinde tutuş wahanyñ (oazisiñ) paýtagty bolýar hem-de ahmedinleriñ döwletiniñ bir bölegi bolýar. b.e. öñ 330-njy ýyldan 323-nji ýyllar aralygynda aleksandr makedonskiniñ soltanlygynyñ (imperiýasynyñ) düzümine girýär (margiana aleksandriýasy), b.e. öñ 323-nji ýyldan 250-nji ýyllar aralygynda selewkidleriñ döwletiniñ (atiohiýa gäur-gala şäherçesi), b.e. öñ 250-nji ýyldan 209-njy ýyllar aralygynda bolsa baktriýa patşalygynyñ düzümine girýär. b.e. öñ iii asyryñ soñynda b.e. öñ 224 ýyla çenli part (arşaklylar, parfiýa) soltanlygynyñ düzüminde özbaşdak dolandyrmaga hukukly bolan aýratyn welaýat hökmünde berk orun tutýar. 224-651-nji ýyllar aralygynda merw eýran sasanidleriniñ ygtyýaryndady. 651-nji ýylda bolsa arab halifatynyñ türküstan (orta aziýa) welaýatlarynyñ biridi. x asyrda ýazylan “hudul-älem” atly kitabda ýazylyşyna görä, ol uly horasanyñ iñ uly şäherleriniñ biri bolmyş, öñler horasan emirleriniñ paýtagty bolup, soñlar buhara paýtaht bellenipdir. “hudul-älemiñ” näbelli ýazyjysy “merw safaly we nygmatly ýer, onuñ galasy bar, şony tähmuris saldyrypdyr, şonda (sasanid) paşalarynyñ köp köşkleri bar we bütin horasanda şondan gowy şäher ýok..., ol ýerde gowy pagta bitýär...” diýip ýazypdyr. gadymy çeşmelerde mary “merw-e şahjan”, “merw-e şah-jahan” atlary bilen gabat gelýär. orta asyrda uly horasanyñ meşhur şäherlerinden biri hasablanypdyr. ilkinji gezek mewi abadanlaşdyran jemşidiñ kakasy tähmuris (pişdady dinastiýasyndan) diýlip görkezilen taryhy çeşmeler hem bar. i̇ñ uly ösüşe merw beýik türkmen-seljuklarynyñ soltanlygynyñ we horezm şalarynyñ döwletiniñ düzüminde bolan wagty (xi ortasynda xiii asyra çenli) ýetýär. 1221-1222 ýyllar mongollaryñ çozmagy netijesinde şäher düýbinden weýran (harab) edildi we talanyp, ýaşaýjylary öldürildi we sürgün edildi. merw şäheri seljuklar döwründe soltan sanjaryñ paýtagty bolýar. emma oguzlar sanjary ýeñenlerinden soñ, üç gije-gündiz şäheri garat (talañ, harab) edýärler, şol sebäpli şäherde kän weýrançylyk emele gelýär. bu şäher soñabaka ýene-de abadanlaşýar ýöne çingiz hanyñ döwründe mongollar şäheri düýpden weýran edip, onuñ müñlerçe ilatyny gyrýarlar, göýä diñe dört adam diri galanmyş. şeýlelikde, tä şahruhyñ döwrüne çenli merw şäheri weýran bolup galýar. şonuñ döwründe (xiv asyr) merwa ýene-de jemagat (köpçülik, halk) üýşüp başlaýar, şäher abadanlaşyp ugraýar. merw şäheriniñ abadanlaşmagy, medeni merkeze öwrülmegi ugrunda soltan sanjaryñ (xi-xii) eden hyzmaty uludyr, şonuñ döwründe şäherde uly kitabhanalar, köşkler emele gelipdir, ol weýran bolan şäheriñ ýanynda täze şäher saldyrypdyr. bu iki (köne we täze) şäher barada nowaýy özüniñ pars dilinde ýazan bir şygrynda “ỳaş merwynyñ ýürek mülki yşk arkaly abadandyr. köne merwyny hem-de täze şäheri bina eden sanjardyr” diýip ýazypdyr. merwynyñ suwy geçmişde murgapdan ybarat bolan merwerut üpjün edilipdir, ol derýa merwda gutarýan eken. • giçki orta asyr döwründe (xiii-xvii asyrlar) merw tutuş murgab wahany (oazisi) ýaly çuññur kynçylyklary we çökmekligi başyndan geçirýär hem-de soñ hiç haçan dikeldilmeýär. • gadymy merw şäheri umumy meýdany 1000 gektar bolup, ol deñitaýy bolmadyk gorag, köşk, din we medeni jaýlarynyñ toplymydyr. 1990-njy ýyldan başlap merwiñ ýadygärlikleri “gadymy merw” medenitaryhy goraghanasynyñ düzümine goşulýar. • 1990-njy ýylda gadymy merwiñ arheologiki ýadygärlikleri unesco nyñ (united nations educational, scientific and cultural organization) karary bilen bütindünýä taryhy ähmiýetli hem-de bütin adamzat üçin medeni-taryhy ähmiýetini saklamak maksady bilen dünýäniñ gyssagly gaýtadan dikeltmek we gorap saklamak işlerine mätäç bolan 100 sany ýadygärlikleriniñ hataryna goşulýar
-
nohurlyagza
12 years ago
- goçok marym jüllük suwumyň daman topragy jan marrryyhm hm,
-
maloyjan
12 years ago
goçok marym jüllük suwumyň daman topragy jan marrryyhm hm,
agzyna berip goyberdiler gerek shotayda sen :)
nohurlyagza | 2012-03-13 06:37:17
-
nlo
12 years ago
- tire taypa gürrünizi bes edin onsanam osmanlylar teke taypasyndan dal how taryhy açyp okap görün .men bu tayda tire taypa agzalygyny döretmek islmaok yöne hakykata hakykat gözi bilen bakyn.öz özünizi aldap hemma güldirmalin gayrat edin
-
magnit
12 years ago
- nlo tire taypa diyip aldynay taryhy owrenaymegem badyra how, o dawwa sen kellene gelya, barde taryh gidya
-
M1
12 years ago
- Nlo dawwa turuzjak bolyynmy?
-
Panturkist
12 years ago
artogrul gazy we onun ogly osman gazy ikisem teke turkmen gaya tiresinden!!
AHAL | 2011-02-12 04:06:43
ärtogrul gazy oguzlaryn gaýy (osmanly hem bu taypa degişli) taypasyndan gelýä. onun döwri 12-13nji asyrlar, hazirki teke tiramiz yok.tekemuhammetden soň galya ol tire.
-
nohurlyagza
12 years ago
- nohurdan gaýdýa diýseň ha dijek.
Kemaru 13 years ago- Dogrymy aytsam Mirasymyz menem taryh bilen gyzyklanyan ozimem Maryly, yone gynansakda tire-taypa meselesinde onchakly gowy dal. yone beren soragagynga jogap berjek agza tapylar diyip uly umyt bilen okamana garashyan.