Jedel (Hekaýa)

JEDEL
(Hekaýa)
—Arakesme wagtam-a boluberipdir—diýip, bölüm başlygy Hommat diwarda asylgy duran sagada göz aýlansoň, işlerine gümra bolup oturan kärdeşlerine sala saldy.
—Hawa, arakesmä çykybersegem bolýa indi. —Bölümiň baş hünärmeni Aşyr öňündäki hat-peteklerini bir çete süýşürdi. —Naharhanada garbanamyzsoň, dowam etdiribiris-...

Dowamy »

775 6
Edebiýat, myspaser tarapyndan 3 years ago

Ýaryma

Ýüregimde biri bar,
Şonsuz maňa dünýe dar.
Her ýaganda akjak gar,
Ýürek şony ýatlaýar.

Ýarym meniň owadan,
Bezeg berer törüme.
Nesipli gün, toýdan soň,
Ömrün goşar ömrüme.

Gülkisini deňeýän,
Ýazyň lälik gülüne.
Üşän wagtym ýylaýan,
Elim degse eline.

Dowamy »

495 3
Edebiýat, nekrasow tarapyndan 3 years ago

Dostlarym!

Görküne aldanyp söz aýtmaň gyza,
Yzynda ylgadyp çökdürer dyza,
Uzakly ýoluňdan galdyrar yza,
Bil baglap ýörejek bolmaň dostlarym!

Bir gün süýji bolar, bir güni ajy,
Çalynsa bolýandyr elinde güýji,
Geýýän tuflysy iňňäniň ujy,
Degse çümer ägä boluň dostlarym!

Gulaga hoş yakar ş...

Dowamy »

506 1
Edebiýat, nekrasow tarapyndan 3 years ago

Dostyma.

Seredip oturma giden ýoluna!
Bir gidensoň gaýdyp yza öwrilmez!
Ýaşap ýörme geçen güleň içinde!
Geçmiş asla asla yza dolanmaz!

Geçmişiňe asla umyt baglama,
Umyt bagla geljege şu güniňe!
Geçmiş saňa jebir berer,dert berer,
Şatlyk gerek bolsa seret öňiňe!

Daýan dostym daýansana dy...

Dowamy »

607 1
Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 3 years ago

Mr.arsen ucin

Çagakak «Aglamak utanç!» diýdiler. 

Jahylkak «Aldamak utanç!» diýdiler. 

Şeýdip endik etdik aglamazlyga. 

Şeýdip endik etdik aldamazlyga. 

Diýdiler: «Köplükde gägirmek aýyp». 

Diýdiler: «Köçede sygyrmak aýyp». 

Diýdiler: «Meýlisde geçmäkäň töre, 

...

Dowamy »

599 4
Edebiýat, Unknown777 tarapyndan 3 years ago

“Gije birmahalky gijä meňzänok...”

Şatlyk paýlananda, gam paýlananda
Meň kalbyma gam düşüpdir bol-telki.
Şu gün — täze ömrüň ilkinji güni,
Ýa ömrümiň soňky günüdir belki.

Gije birmahalky gijä meňzänok:
Tutuksy. Garaňky. Alanok erki.
Şu gün — täze ömrüň ilkinji güni,
Ýa ömrümiň soňky günüdir belki.

Duýgulary gorj...

Dowamy »

571 4
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

ÝÜREKDEŞE

(Şahyr Gülnar Geldimyradowa bagyşlaýaryn)

Ýene-de oýamyň gijäň ýarymy?
Ýene-de bimaza edýärmi gussaň?
Ýene-de dört diwar gysyp-gowuryp,
Ýene-de depäňe ýakynmy asman?

Ýene bir nokady gözleriň bilen
Deşäýjek bolýaňmy?
Ýüregiň go:rmy?
Kalbyň dyrmalanyp, göwnüň döwülip,
Başy...

Dowamy »

590 6
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

Durmush bn bagly tymsal.

Bagt ôz eliñde.
Yaradan adamy toyundan yasapdyr.Yasap gutardym diyende,ulanylmadyk bir bôlejik palçygyñ galandygyna gôzi dùshùpdir.
-Indi bujagaz palçykdan saña nàme yasap bereyin?-diyip, Yaradan adamdan sorapdyr.Onda adam:
-Maña bagt yasap berày-diyipdir.
Yaradan hiç hili jogap bermàn,galan bir bôlejik palçygy onuñ eliniñ...

Dowamy »

608 7
Edebiýat, Bibish tarapyndan 3 years ago

Gel, manyly ýaşaly!

Ynsanyň dilinde bolsady erki,
Dünýe arassa bor, galpdan belki.
Galp gürrüň, başymyzyň belasy
Galp üstün çykýar, dostlukdan çünki.

Ynsanyň ýüregi päk bolsa belki,
Dünýe arassa bor, zulumdan çünki.
Zulum bilen maşgalalar dargady,
Zulum mahrum edýär, bagtdan erki.

Ynsanyň kalbynda...

Dowamy »

529 5
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago

Ýaryň bar eken...

“Ýaryň bar eken...”
(aýdymdan)

Dünýäň hasratyndan daşlaşan çagym,
Birden söndi gitdi umyt çyragym,
Setirlere dökülip dur pyganym,
Dünýe pikir edişimden dar eken,
Wah, armanym...
Özge ýaryň bar eken.

Arzuwymdan gaýyp gitdiň, gara göz,
Gursagymy oýup gitdiň, gara göz,

Dowamy »

646 7
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

Men diñe señ barlygyñda ÿaşadym

Çykylmaz boşlukly girdap içinde,
Men-menlikden püre-pürdim,a:şadym
"Geçer,gaÿgy-gamlar, ÿarym bar!"diyip,
Men diñe señ barlygyñda ÿaşadym!!!

Aldym güÿji barlygyñdan,demiñden,
Tapylmazdy del em beren emiñden,
Duÿdum gara gyşy seniñ semiñden
Men diñe señ barlygyñda ÿaşadym!!!

Diÿ...

Dowamy »

695 11
Edebiýat, TM. tarapyndan 3 years ago

....

Alada,gaýgylar çökerip barýar,
Kellede at salýar müňläp pikirler.
Ýürege sygdyryp bilmän bar zady,
Kagyza siňdirdim ençe setirler.

Dost diýenim,duşman bolyp özime,
Ellerimden aldyla söýen gülüm.
Ýeke galdym,ýalňyz galdym tümlikde,
Ýürekde ot ýanýar,dodakda çilim.

Dowamy »

733 3
Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 3 years ago

Gül ýetişmänkä-açylmanka... 9-nji bölüm. Jemleýji bölüm.

Gül ýetişmänkä-açylmanka... 9-nji bölüm. Jemleýji bölüm.

...Sapa beter ünjä batyp, ýerinden turup Berekede hiçzat etmän, hatda hiçzat diýmänem, jaýdan çykyp Leýliniň ýanyna ylgady. Çaltlyk bilen ýöräpbarşyna howlugyp Leýlä jaň edip duşuşugy belledi. Ýolda bir musurkada elindäki pyçagyny zyňyp, bellenilen ýere haşlap baryp Sapa sen me...

Dowamy »

820 21
Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago

“Men saňa şeýle bir düşünjek boldum...”

Huşumdan syrylyp, ýitip gitdiň sen,
Düýşde görsem, depäm gögi elleýär.
Seniň gözlegiňe şaýlanan ruhum
Bedenime wagty bilen gelmeýär.

Demiň demýeterde bolsady käşgä,
Eliň elýeterde bolsady… Arman…
Dem däl, el däl, sesimiň hem ýetmejek
ýerlerinde gezip ýörsüň, dilberim,
Ruhumyň garaşýan...

Dowamy »

675 5
Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago

Gül ýetişmänkä-açylmanka... 8-nji bölüm.

Gül ýetişmänkä-açylmanka... 8-nji bölüm.

...- Doglan günüň... Leýli... Maşynyň bilen toýuňa gelip, agşam doňuzlyk edeniň. Oýandyňmy? - diýip gaşlaryny çytyp gaharly gürläp pyçagy damaga has-da beter gysdy, belki bir damar tas-kesilendir. Bereket gaty arkaýynlyk bilen:
- Namyssyz gyz üçin 25-ýyl alyp basylanyňa degýämi?
...

Dowamy »

674 3
Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago

Gül ýetişmänkä-açylmanka... 7-nji bölüm.

Gül ýetişmänkä-açylmanka... 7-nji bölüm.

...Sapa inni bu ýagdaýda nähili söz aýdyp näme etmelidigini, anyk, bilenok. Leýli ýarym ýaş bolup söze başlady:
- Düşün, men saňa bolan zady aýdaýyn. Gaty köp wagt geçmedi. Bir gün şu wagtkylarýaly işden çykyp gelýädim. Keýpim gowydy. Ömrüme guwanýardym. Birden gapdalymda bir maşyn geli...

Dowamy »

730 4
Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago

Gül ýetişmänkä-açylmanka... 6-nji bölüm.

Gül ýetişmänkä-açylmanka... 6-nji bölüm.

...Gyzyň razylygyny alan Sapa baryp ejesine buşlaýsa nätjek!? Leýli bolsa diňe duşuşuklara razylyk berdigidi. Ýaşlaryň bir-birlerini görenine ýaňy 2 aý bolanam bolsa, gül ýetişse ýygnamalymy ýa şujagaz wagt az bolýamy bilerýalydäl. Sapa uzaga çekse gyzy almaklaram mümkin. Ýitirmekden howatyrla...

Dowamy »

674 3
Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago

"Galsyn!"

Akja kepderi goýnuňda uçdyk,
Ýelekleri ak bolup gollarda galsyn.
Misli bir pursatda ýagan ýagyşdyk,
Damjalan damjalar güllerde galsyn!


Ýoluňda ýykylsak ýene-de galdyk,
Bir-birege gol berip dostluk gurduk,
Käte-käte jahyllyga uýardyk,
Mugallym sözi dillerde galsyn!


Dowamy »

626 3
Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 3 years ago

Gül ýetişmänkä-açylmanka... 5-nji bölüm.

Gül ýetişmänkä-açylmanka... 5-nji bölüm.

...Emma bu biziň gürrüňimiziň esasy wakasy däl. Esasy wakasy inni başlaýar. Şeýlelikde Sapa ýuwaşlyk bilen Leýlä, Leýli bolsa Sapa öwrenişiberdiler. Emma Leýli hemişe araçägi saklaýar. Ýagny Sapany özüne gatybir ýakynlaşdyranok. Dogrysy Sapa öz içinden "Yrdym" diýip pikir edýär, ýöne beýle däl...

Dowamy »

713 3
Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago

AKYLLY GYZ

Ir döwürde alys ýurtlara gidip, söwda bilen meşgullanýan bir söwdagär bar eken. Ogul perzendi bolmansoň, ol maşgalasyndaky ýetişen gyzlarynyň üçüsini-de gaty gowy görer eken.

Bir gezek ol uzak ýola söwda ugramakçy bolanynda gyzlaryny ýanyna çagyryp: “Näme sargydyňyz bar bolsa aýdyň!” diýipdir. Şonda onuň iň uly we ortanjy gyzy atasy...

Dowamy »

647 1
Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 3 years ago