Çagakak «Aglamak utanç!» diýdiler. 

Jahylkak «Aldamak utanç!» diýdiler. 

Şeýdip endik etdik aglamazlyga. 

Şeýdip endik etdik aldamazlyga. 

Diýdiler: «Köplükde gägirmek aýyp». 

Diýdiler: «Köçede sygyrmak aýyp». 

Diýdiler: «Meýlisde geçmäkäň töre, 

Hakyň barmy? Törüň özünden sora!» 



Ýene-de diýdiler: «Ulalyp ýaşyň, 

Garaja gyl bilen basyrlar döşüň». 

«Döşüňe bitýänçä şol gyl – diýdiler. 

Günäňi geçerler, ogul!» diýdiler. 

«Döşüňe bitensoň şol gyl – diýdiler, 

Döşüňe mynasyp bolgul!» diýdiler. 



Diýdiler: «Dünýäde nämedir gyt zat?» 

Üç gezek diýdiler: «Ussat! Ussat! Ussat!» 

«Näçe gyt bolsa-da ussat – diýdiler, 

Çyn şägirt 

ondanam gyt zat!» diýdiler. 

«Öwrenip ilkinji harpy – diýdiler, 

Gomalar şägirdiň galpy!» diýdiler. 

«Galp şägirtden boluň hüşgär!» 

«Emer-de, 

emjegňi dişlär!» diýdiler. 



Ýene-de diýdiler: «Ulamy-kiçä, 

Öljegňi bilseň-de, ýalbarma kişä!» 



«Diňe bir adama ýalbar!» diýdiler. 

Onuňam adyna dilber diýdiler. 

«Aýyp däl näzini çekmek – diýdiler, 

Näzden ýüzün sowan – akmak!» diýdiler. 



«Ýene iki merde ýalbarmak bolar – 

Diýdiler – ene hem atadyr olar». 

«Ataňa ýalbarsaň – galkynar ruhy». 

«Eneňe ýalbarsaň – kemeler ahy», 

«Kim etse şolara tagzym – diýdiler, 

Işi rowaç, ýaşy uzyn!» diýdiler. 



...Ene kän edepleň tutdular adyn. 

Diýdiler: «Gabanma özgäň şöhratyn!» 

«Gabanma zehiniň ezelligini!» 

«Gabanma öz joraň gözelligini!» 

«Gabanma öz äriň gerçekligini!» 

«Gabanma öz gelniň alçaklygyny!. 

Ne näzlerin, ne-de sözlerin gaban, 

Diňe oýnaklatsa... 

gözlerin gaban!» 



Diýdiler: «Erkekden belentdir aýal!» 

«O nämüçin?» diýip berdiler sowal. 

Jogabyn berdiler: «Gutaryp ömrüň, 

Ýagty dünýä bilen hoşlaşsaň bir gün – 

Aýal 

är ojagyn saklar – diýdiler, 

Söýgiňi müň kerem haklar!» diýdiler. 

«Çagalaryn iýdir, geýdir – diýdiler, 

Şeýdip ýaş ömrüni köýdir!» diýdiler. 



«Emma beýdip bilmez erkek – diýdiler, 

Bu babatda pesdir entek!» diýdiler. 

«Altmyşdan, ýetmişden geçse-de saly, 

Gözlerin ýumdumy eziz aýaly – 

Ýatdan çykyp wepa, ygrar – diýdiler, 

Ikinjiň gözlegne ylgar!» diýdiler. 



...Diýdiler, diýdiler, diýdiler kän zat. 

Käbirisi aňsat. Köpüsi kyn zat. 

Aňsadyn – hemmeler başar – diýdiler, 

Kynyn başarmakda iş bar – diýdiler. 

Kyn hem bolsa, 

Şudur wesýet – diýdiler. 

Diňe kyn zat – 

Şol mukaddes! – diýdiler. 



* * * 

Gum hem özi üçin hasyl berenok, 

Suw hem özi üçin berenok tagty. 

Bulut hem öz-özün ýuwundyranok, 

Gün hem özi üçin saçanok ýagty. 

Hemmesiniň aladasy-gaýgysy – 

Biri-biriniň bagty. 



Hemmesi-de biri-birine aşyk. 

Birisi suw berýär, beýlekisi nur. 

Birisi gül açsa, beýleki joşup 

Gülleriň üstünden seçelenip dur. 



Birisi süpürse ýapragyň çygyn, 

Beýleki şol çygdan ýasaýar bulut. 

Ýene-de şol çygdan ýasalan bulut. 

Dagdan aşak inýär bir derýa bolup. 



Ýene-de derýadan döreýär bulut. 

Ýene-de buludy ýaýradýar şemal. 

Şeýdibem hemmesi bir hemra bolup, 

Biri-birisine berýärler kemal. 

Elmydama al sen şolardan mysal, 

Hem mydama bol sen şolara mysal, 

Ynsan.

Edebiýat, Unknown777 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir