Gelmezmiň sen indi yza öwrülip,
Men seni şeýle bir,göresim gelýär.
Tenimden janym çykmanka sogrulyp,
Gelsene,men seni göresim gelýär!
Ýaňja bir açylan bägül mahalym,
Soldurdyň,öwürdiň gyşa baharym.
Saňa näçe gelsede meň gaharym,
Şonda-da men seni göresim gelýär!
Sensiz meniň gündizim ýok,gijäm ýok
Ýekelikden ýadadym men,güýjim ýok.
Iller näme diýse diýsin işim ýok,
Men diňe bir seni göresim gelýär!
Az kem gollow berýäň ýüregim gyssa,
Ýöne berip bildiň,gaýgy hem gussa.
Ýekelik derdinden bolsamda hassa,
Men seni şeýle bir göresim gelýär!
Näçe ýyllyr,görmäne zar gözleriň,
Eşitmäne zar seň süýji sözleriň.
Şindem bolsa çeker ýaly näzlerim,
Gelsene,men seni göresim gelýär!
Gyzyksyzdy toý bolsada köçämde,
Ütip,ütip gül goýmadym keçämde.
Gujagyňa dolaýmana üşämde,
Gelsene,ýalbarýan göresim gelýär!
Indi mundan artyk örteme meni,
Mundan artyk otda ýakma bu teni.
Heniz bu dünýede alýarkam demi,
Gelsene,gelsene göresim gelýär!
Göresim gelýär!
-
yashalym
3 years ago
- Şammy Kaka size hormatym bölek, eliñize saglyk dowamly bolsyn !
@BBS
-
MrOKaS
3 years ago
- Goşgy poýeziýa taraplama saýazrak welin okgunlygy we duýguçyllygy tarapdan synlasak hatda öwgäde mynasyp.
yashalym 3 years ago- Молодец говы болупдыр елине саглык👏