JEDEL
(Hekaýa)
—Arakesme wagtam-a boluberipdir—diýip, bölüm başlygy Hommat diwarda asylgy duran sagada göz aýlansoň, işlerine gümra bolup oturan kärdeşlerine sala saldy.
—Hawa, arakesmä çykybersegem bolýa indi. —Bölümiň baş hünärmeni Aşyr öňündäki hat-peteklerini bir çete süýşürdi. —Naharhanada garbanamyzsoň, dowam etdiribiris-dä işimizem.
—Seň, näme, toý sadakasyna gitmek hyýalyň ýokmy?—diýip, Hommat stolunyň üstündäki senenama bakdy. —Şu gün Seýitguly toý sadakasyny berýän bolmaly?!
—Be, walla, ýadyma-da düşenok, geçen hepde ýörite gelip, özi elin aýdyp gidipd-ä—diýip, Aşyr başyny ýaýkady. —Gideli, gideli, barmasak, gaty görer.
—Babajan?—Hommat kompýutere dümtünip oturan işgärine ýüzlendi. —Ýör senem biz bilen.
Babajan Hommadyň teklibinden ýüz öwürdi:
—Aý, ýok, Hommat aga, men-ä bärde garbanjak. Siz arkaýyn gidiberiň.
—Ýör, ýör, galma bizden. Çagyrylan ýere barmasaň, aýyp bolar—diýip, Hommat Babajana gatyrgandy.
Ýaşy özünden esli uly bölüm başlygynyň sözlerine Babajan utandy. Onsoň, sesini çykarman, kärdeşleriniň yzyna eýerdi.
Daşarda Gün çykyp duranam bolsa, howa çigrekdi. Aşyr endigine eýerip, ulagyň öňki gapysyny açyp, oturgyçda ornaşdy. Babajan bolsa, Hommat ulagyny gyzdyrýança çeträkde durup, el telefonynda kimdir biri bilen pessaýja gürleşýärdi.

Edebiýat, myspaser tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir