Ilki basda janym dp sozledin
Bir bilsedim gownunde ne besledin
Sana bolan duygularmy pesledin
Duygularym oyundymy sen ucin


Soygum bardy sana olmez ocmejek
Basgasyna gyya gozde bakmajak
Diysemde sensiz gunim gecmejek
Pakje soygum yalandymy sen ucin


Senin adyn dilimden hic goymadym
Ysk badasyn ice ice doymadym
Sana eden sylag gadyr hormatym
Baryjasy hic zatdymy sen ucin


Bagt payyn bermedimmi bags edip
Yazmadymmy adyn kalba nags edip
Eden yhlasymy gitdin puc edip
Menli gunler bagtsyzmy sen ucin


Bardy soygum umman yaly kureksiz
Senden basga hemme boldy gereksiz
Mana garsy boldunmy sen yureksiz
Hic bolup galaydymmy sen ucin


Pusman edip aglarsyn bir wagtda
Payyn bolman suyju dowran bagtda
Men otyrkam soygi atly tagtda
Yza gelsen bary gicdir sen ucin

Amangozel Gurbanowa

@prenses

Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir