Seredip oturma giden ýoluna!
Bir gidensoň gaýdyp yza öwrilmez!
Ýaşap ýörme geçen güleň içinde!
Geçmiş asla asla yza dolanmaz!

Geçmişiňe asla umyt baglama,
Umyt bagla geljege şu güniňe!
Geçmiş saňa jebir berer,dert berer,
Şatlyk gerek bolsa seret öňiňe!

Daýan dostym daýansana dyzyňa!
Terk edip gaýt,gam gussanyň laýyny!
Sen diňe şatlyga,bagta mynasyp
Gidirme al bu durmyşda paýyňy!

Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir