Bir bakgal bardy. Dükanynda ýaşyl reňkli, owadan sesli, iňňän ukyply toty saklaýardy. Bu ykyply toty müşderiler bilen gürleşerdi, olary güldürer ýaly hoş gürrüňler aýdardy, dükanda garawulçylyk ederdi.
Bir gün bakgalyň işi çykyp, howlukmaç öýüne gitmeli bolýar. Ýerine totyny goýup, dükkany oňa ynanýar.
Birsalymdan bir pişik syçan kowalap gelýärkä, kürsäp dükana girýär. Pişigi gören totynyň ýüregi ýarylmazmy?! Jan derdinden honda pasyrdap uçýar-da, aýlanyp-aýlanyp, ýokarda bir ýere gonýar. Ýöne gonan ýerinde gül ýagy salnan çüýşeler bar eken. Toty gorkup baranda, olaryň birnäçesini gaçyryp döwüpdir.
Bakgal öýündäki işini tamamlap dükanyna dolanyp gelýär. Seredip görse, dükanyň içi durşuna ýag bolup dur! Muny totynyň edendigini aňýar. Gaty gahary gelip, onuň kellesine gatyja urupdyr. Almytyny alan totynyň şondan soň kellesindäki ähli tüýler düşýär-de, kel bolup galyberýär. Üstesine saýramasy bilen gürleşmesinem bes edýär.
Bakgal bolsa, muňa gaty gynanypdyr.
“Käşgä, elim döwlen bolsady-da, ony urmasadym!” diýip, ah-wah etmäge başlaýar.
Eziz totysynyň täzeden gepläp başlamagy üçin garyplara sadaka baryny paýlaýar. Üç gün üç gije geçýär. Dükanynda gamgyn-gamgyn otyrka, “Totymy nädip ýene gürledip bilerkäm?” diýip oýlanýar, oňa her hili geň, täsin zatlar görkezip, dilini açmaga çalyşýar. Şeýdip başagaý bolup otyrka, dükanynyň öňünden kellesindäki ähli gyllar düşen kel derwiş geçip barýar ekeni. Toty ony gören badyna birden dil açýar:
– Heý, dost! Sen nädip kel bolduň? Ýogsa, senem meň ýaly gül ýagly çüýşeleri dökdüňmi?
***
Adamlar edýän işlerinde alňasamaly däl. Sebäbi Pygamberimiziň (s.a.w) aýdyşyna görä, alňasamak şeýtandan, sabyrly hereket etmek bolsa, Rahmandandyr. Adamlar howlugyp gahar bilen hereket etseler, ahyynda ökünjek işler ederler. Päk adamlaryň edýän işi bilen öz edýän işleriňi deňeşdirme. “Arslan” diýmegi aňladýan parsçadaky “şir” sözi bilen, süt manysyny aňladýan “şir” kelimesi birmeňzeş ýazylsa-da, başga-başga zatlardyr. Pikir edip görsene, iki sany ary bar; ikisem şol bir güli sorýarlar, emma birinden bal önýär, beýlekisinden zäher. Iki sany gamyşyň ikisem şol bir suwly ýerde ösýär. Ýöne biriniň içi boş, beýlekisiniň içi bolsa, şekerden doly.

cheshme:kyssahan.blog

Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir