HASAP DEŇ TAMAMLANDY (Hekaýa)

HASAP DEŇ TAMAMLANDY
(Hekaýa)
— Çaý-çöregiňem iýmän, daň bilen futbol görýäňmi? — diýip, telewizoryň sesine oýanan Ogulsenem daýza adamsyna igendi.
— Dünýä ýaryşy bu, keýwany. Göreniňe degýä. Dört ýyldan bir gezek geçirilýä. Bary-ýogy bir aýjygam dowam edýä — diýip, Çary aga telewizordan ünsüni sowman, futbola tomaşa edip otury...

Dowamy »

582 0
Edebiýat, 2 years ago


«Ýuwaş gelniň» Selbisi

Şowly çykan filmler hakda ony döretmäge gatnaşan artistler bilen söhbet etmek ýakymly täsirleri galdyrýar. Biz golaýda sözbaşa çykarylan adybir filmiň baş gahrymanlarynyň biri Tatýana Moskalenko bilen bu kinonyň taryhy barada gürrüňdeş bolduk.

— Söhbetdeşligimizi kino sungatyna gelşiňizden başlaýsak nähili bolar?!

— Ga...

Dowamy »

836 4
Sorag-jogap, 2 years ago


UZAGA ÇEKEN OÝUN (Hekaýa)

UZAGA ÇEKEN OÝUN
(Hekaýa)
— Iş wagtam-a paýawlap barýa welin, oglanlar, bir müşderi gaty gyssanýa. Şu gün ýetişmesek, ertir irdene barsagam razy. Eger häzir gitmäge döwtalabyňyz bar bolsa-da, aýdyň — diýip, ýolbaşçymyz otagymyza gelip, matlabyny aýtdy.
— Näme mesele ýüze çykypdyr? — diýip, ekabyrrak işdeşimiziň biri ondan sorad...

Dowamy »

601 2
Edebiýat, 2 years ago


Şert

ŞERT
(Hekaýa)
Setdar pişigiň gulagy ýalyjak kagyza ýene bir ýola göz aýlady. Aýalynyň ýazyp beren sanawyndaky almaly-goýmaly zatlaryň hemmesi alnypdy. Bazarlyk işler bitipdi. Indi öýe gaýdybermelidi. Goşlaryň ýeňilräklerini ogluna tutduryp, agyrraklaryny özi alyp, bazaryň daşky derwezesine ýönelenem şoldy welin, Mekan onuň synyndan çe...

Dowamy »

765 3
Edebiýat, 2 years ago


ARWAH GELÝÄN GIJESI (Ogulsenem Taňňyýewa)

ARWAH GELÝÄN GIJESI


Anna günüdi. Mydama bolşy ýaly, türkmen tomsunyň yssysy ertirden bäri demlikleri tutup, gün ikindä sanyberen çagy salkyn aralaşyp, janlar birneme aram tapdy. Öwez gapysyndaky agaç sekä atylan düşege geçip, aýaly Güljereniň demläp, basyryp goýan çaýyny içmäge oturdy. Saçagyň üstünde ir-iýmişden göwün söýlän...

Dowamy »

1842 15
Edebiýat, 3 years ago


Jedel (Hekaýa)

JEDEL
(Hekaýa)
—Arakesme wagtam-a boluberipdir—diýip, bölüm başlygy Hommat diwarda asylgy duran sagada göz aýlansoň, işlerine gümra bolup oturan kärdeşlerine sala saldy.
—Hawa, arakesmä çykybersegem bolýa indi. —Bölümiň baş hünärmeni Aşyr öňündäki hat-peteklerini bir çete süýşürdi. —Naharhanada garbanamyzsoň, dowam etdiribiris-...

Dowamy »

775 6
Edebiýat, 3 years ago


Ogulsenem Taňňyýewa Goşgular

Gerek däl maňa

“Oturşy bir, köňli aýry”
Gardaş gerek däl maňa,
Syrym ile ýaýyp ýören
Syrdaş gerek däl maňa.
Köseneýin ýekelikden,
Goý, kösesin durmuş meni,
Ýyly mährine çoýmaýan
Bibaş gerek däl maňa.

Bigäne mähir gandyrmaz,
Bil özüňkiň gadyryny.
Keseki ojak...

Dowamy »

752 10
Edebiýat, 3 years ago


GURY AGAÇ (Ogulsenem Taňňyýewa)

GURY AGAÇ


Öl agaçdan hasyl öner,
Gury agaçlar ýanar-söner!
Däli döwran kime döner!
Geçdim ýana-ýana, begler!
(Aýdymdan)


Jemile üýtgeşik bir düýş gördi. Düýşünde ol otly torbasyna ýaplanyp, baýryň gyrasynda dynç alyp otyrmyş. Ondan taýak atymlykda klasdaşlary-da barmyş. Olaryň...

Dowamy »

1146 9
Edebiýat, 3 years ago


BIR OTURGYJYŇ TARYHY (Hekaýa)

BIR OTURGYJYŇ TARYHY
(Hekaýa)
Diwarda asylgy duran sagadyň dillerine gaýta-gaýta seretdigiçe, Şemşadyň ýüreginde barha harasat gopýardy. Wagt bireýýäm ýediden ötüpdi, emma ogly Adyl welin, henizem öýüne dolananokdy. «Bu gün meň iki döw oýnum bardyr» diýip, oglunyň irden aýdyp giden sözlerini ýatlap, birneme özüni köşeşdirmek islese-de...

Dowamy »

648 1
Edebiýat, 3 years ago


HALALLYK ÝOLY

HALALLYK ÝOLY
(Hekaýa)
—Oýunçy utsun!—diýip, Mämmet agaç sekide küşt oýnap oturan deň-duşlary Goçmyratdyr Saparyň ýanyna gelip, olara gep goşdy.
—Edil wagtynda geldiň-dä, Mämmet—diýip, Sapar begenjinden ýaňa oglanjyk ýaly ýyrş-ýyrş etdi. —Bir baksana bu oýna!..
Mämmet sekä geçip, ynjalykly oturansoň, birsellem oýny synla...

Dowamy »

595 0
Edebiýat, 3 years ago


Bäş bent goşgy

BÄŞ BENT GOŞGY
(Hekaýa)
Işden aryp gelip, çaý-naharymy iýemsoň, biraz dynç almak üçin telewizoryň öňünde gyşardym. Ýassygy tirsekläp, «mawy ekrandan» goýberilýän gyzykly tomaşalara syn salyp oturyşyma birden körpe gyzyma gözüm düşdi. Göwnüme bolmasa, onuň öňküligi ýokdy. Ýüzüni sortduryp otyrdy.
—Aýperi, näme keýpsiz otyrsyň, g...

Dowamy »

744 2
Edebiýat, 3 years ago


Çagalygymyň sezasy (Ogulsenem Taňňyýewa)

Çagalygymyň sezasy
(Powest)

Çagalygymyň sezasy

Men öz bolup gaýdyşymyň soňunyň ýöne-möne gutarmajagyny şol wagt hem aňypdym. Ýöne tötänleýin sataşan wakam sebäpli, bialaçdym. Meniň düşen şol tötänleýin ýagdaýyma duçar bolan ynsan çagasynyň hiç birisem beýle pursatdan haýdan-haý derekli netije çykaryp bilmese ger...

Dowamy »

1379 4
Edebiýat, 4 years ago


Annagulydepe (Ogulsenem Taňňyýewa)

ANNAGULYDEPE
Iki dost—iki sazanda Hanguly bilen Allanuruň başky durmuşy dessanlardaky wakalara çalym edýär. Olaryň ikisem «Hudaý urup, pygamberem hasasyny dürtenlerden». Atalaryndan galan ujypsyzja ýerjagazlaryndan başga, dört tarapy gamyş bilen ýapylan küme diýäýmeseň, dostlaryň hiç biriniň-de atlaryny tutup sanar ýaly zady ýokdy. Ikisem du...

Dowamy »

1233 2
Edebiýat, 4 years ago


Bigünäniň ýakylyşy (Ogulsenem Taňňyýewa)

Bigünäniň ýakylyşy
(nowella)
Student ogul bilen gelni Suraý eje güler ýüz bilen garşylady. Agtyjagy Myratjygy dessine bagryna basdy. Öýüň töründen derrewem sallançak gurdy. Ogludyr gelniniň yzyna gitmeli güni öňem telim gezek gaýtalan zatlaryny gaýtalady:
—Süýtden gandyr-da, ukladypjyk git, gelin jan, özüňem ynjalykly bolarsyň!...

Dowamy »

1359 3
Edebiýat, 4 years ago


Sen günäkär däldiň (Ogulsenem Taňňyýewa)

Sen günäkär däldiň
Ol milisiýanyň jaýyna girip, koridoryň ugry bilen başyny aşak salyp barýardy. Nämedir bir iş bilen gelenlerem, bu ýerde işläp ýörenlerem juwan gyza geň galmak bilen seredişdiler. Ählisiniň ýüzündenem „Ulugyz halyna ol bi ýerde näme işläp ýörkä?!“ diýen manyny okamak boljakdy.
Dünýä hiç kime üns bermän, mundan bir he...

Dowamy »

1243 3
Edebiýat, 4 years ago


Durna bolsa gökdedi... (Ogulsenem Taňňyýewa)

Durna bolsa gökdedi...
(nowella)
Institut bilen hoşlaşylmaly pursat golaýladygysaýy Sazagyň kejebesi barha darygýardy. Sebäbi ol heniz kalbyny heýjana salýan arzuwlary hakda hiç bir hossarynyň ýanynda dil ýarmandy. Ýogsa bu arzuw onuň kalbyna Aşgabada gelen ilkinji pursatlarynda çöküpdi. Uzakdaky gumly obadan gelen oglan uçardan düşen...

Dowamy »

1303 3
Edebiýat, 4 years ago


SÜLÇI SOLTANOWYŇ IKINJI ÖÝLENIŞI (Ogulsenem Taňňyýewa)

SÜLÇI SOLTANOWYŇ IKINJI ÖÝLENIŞI
(Başdan geçirmeler powesti)

Ine, indi bir hepdäniň içidir, onuň kelle döwüp oturyşy. Hernäçe pikir öwürse-de, kelebiň ujy tapylyberenokdy. «Näme etmeli? Nämeden başlamaly?» diýen sowallar onuň beýnisini edil gurçuk kimin iýýärdi.
Içeri işler bölüminde oňa uly ynam edildi. Uly başlygyň hu...

Dowamy »

2954 2
Edebiýat, 5 years ago


KÖR SÖÝGI (Ogulsenem Taňňyýewa)

KÖR SÖÝGI

Birinji bölüm

Sadap böwrüne dürtülen dek, tisginip oýananda, daň saz berip, töwerek gowy ýagtylypdy. Muňa gyzyň ýüregi aşak gaçana döndi. Gözlerini töwerege aýlady. Öňküje ýerinde goluny ýassanyp, düşeksiz-ýassyksyz uklap ýatan Sylaba nazary düşende, huşy ýerine geldi. Hasanaklap, gupbaly tahýasyny gözledi. O...

Dowamy »

9007 9
Edebiýat, 5 years ago


TÄZE ÝYL SOWGADY (Hekaýa)

TÄZE ÝYL SOWGADY
(Hekaýa)
Edaranyň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň işgärler üçin taýýarlan bu gezekki Täze ýyl sowgady adatdakylardan has tapawutly boldy. Içi süýji-kökeden bol sowgatlar daş keşbi boýunça-da gaty kaşaňdy. Özem her işgär üçin bir aýratyn sowgat, olaryň çagalary üçin bolsa aýratyn sowgat niýetlenendi. Işiň ahyryna çenl...

Dowamy »

1534 1
Edebiýat, 5 years ago


BOLDY BIR BAŞAGAÝLYK... (Hekaýa)

BOLDY BIR BAŞAGAÝLYK...
(Hekaýa)
Mallaryna iým berip, öýüň ownuk-uşak işlerini dynansoň, Gurbangül daýza dynç almak üçin sekä geçip, dyzyny epdi. Basyryp goýan çäýnegindäki çaý bu wagt mazaly demini alypdy. Içinden: «Ajapsoltanyňam-a geler wagty boluberendir» diýibem, özüne bir käse çaý guýundy.
Gurbangül daýzanyň garaşyşy ýaly...

Dowamy »

1274 1
Edebiýat, 5 years ago