(Şahyr Gülnar Geldimyradowa bagyşlaýaryn)
Ýene-de oýamyň gijäň ýarymy?
Ýene-de bimaza edýärmi gussaň?
Ýene-de dört diwar gysyp-gowuryp,
Ýene-de depäňe ýakynmy asman?
Ýene bir nokady gözleriň bilen
Deşäýjek bolýaňmy?
Ýüregiň go:rmy?
Kalbyň dyrmalanyp, göwnüň döwülip,
Başyň dumanlymy?
Gursagyň darmy?
Ýene ýel düşdümi naçar ýüregňe?
Damarlaň dartylyp, kirşe döndümi?
Birsydyrgyn günler ýaly pikirler
Çakylyksyz gelip, ukyň böldümi?
Köňlüň kapasadan boşaýsam diýip,
Ýöne el-aýagyň bagly ýalymy?
Ýene-de birahat edýärmi dünýä,
Ýene-de oýamyň gijäň ýarymy?..
16.07.2018ý.
Sapa HOMMADOW
ÝÜREKDEŞE
-
yashalym
3 years ago
- Sen niginin manysyna gyzyklanyanda Pegas name manyny beryar
@xolms
-
Pegas
3 years ago
- Pegas - gadymy grek mifologiýasyna görä uçýan - ganatly at. Ylhamyň simwoly.
-
Pegas
3 years ago
- [IMG]https://d.radikal.ru/d09/2104/83/dbfd40b7b4df.jpg[/IMG]
-
Xyivenia
3 years ago
- Gosgynyz gowy sizin yazan gozgylarynyzy yarymyny diyen yaly kopyalap goydum:)
Men hem su soragy berjek bolyadym. Men astronomiya kiabynda okadym "Pegas" diyip, Turkmenistanyn caginde gorunyan yyldyz toparlarynyn birinin ady seyle eken.
-
Wonderfull
3 years ago
- Şu goşgyny gözläp ýördüm. Köp sag bol ýetirenine.👍
yashalym 3 years ago- Irden bari yazyan oydyan
@xolms