nekrasow
Aşygam
Baldan datly söýgülim,
Men günäli aşygam.
Jennet ysly söýgülim,
Men jezaly aşygam.
Gamly düşner halyma,
Agram düşdi janyma,
Janym düşün zaryma,
Men günäli aşygam.
Bagtym sensiň, näzli ýar,
Sensiz maňa dünýe dar,
Şatlyk,gülki sende bar,
Gülkiňe zar aşygam....
Aglaryn
Ukusyz geçirsem tümli gijäni,
Ukudan däl, sensiz galsam aglaryn.
Şatlykdan doldursam durmuş bijäni,
Şatlykly gün sensiz bolsam,aglaryn.
Bahar gelse, görki arka atlanyp,
Dostlar gelse,gülki bile şatlanyp,
Aýdym aýtsam, söýgi bile gaplanyp,
Aýdymlary sensiz aýtsam,aglaryn.
Gaha...
Ýaryma
Ýüregimde biri bar,
Şonsuz maňa dünýe dar.
Her ýaganda akjak gar,
Ýürek şony ýatlaýar.
Ýarym meniň owadan,
Bezeg berer törüme.
Nesipli gün, toýdan soň,
Ömrün goşar ömrüme.
Gülkisini deňeýän,
Ýazyň lälik gülüne.
Üşän wagtym ýylaýan,
Elim degse eline.
Dostlarym!
Görküne aldanyp söz aýtmaň gyza,
Yzynda ylgadyp çökdürer dyza,
Uzakly ýoluňdan galdyrar yza,
Bil baglap ýörejek bolmaň dostlarym!
Bir gün süýji bolar, bir güni ajy,
Çalynsa bolýandyr elinde güýji,
Geýýän tuflysy iňňäniň ujy,
Degse çümer ägä boluň dostlarym!
Gulaga hoş yakar ş...
Geçen günlerden ýatlama
Sil bolup, akýala gözümden ýaşym,
Heniz on dokuzla, ýigitlik ýaşym,
Ýa nebis diýlen zat, aýlaýa başym,
Dostlarym, bilmedim ne boldy maňa?!
Höwes ýokdur şatlanmaga, gülmäne,
Dilim barmaz,diýjek sözüm diýmäne,
Aýak etmez gitjek diýsem gitmäne,
Dostlarym,bilmedim ne boldy maňa?!
...
****
Gaýgyny unudyp, yatla Allany,
Eliň açyp dilegin, sen dogany,
Bir zady asla-da unutmagyn sen
Alla sowar başa geljek belany.
By:Döwlet Ýazgeldiýew
Ýarym sen
Käriň diýip agartdyň sen saçymy,
Bilýäň şundan iýmeli men aşymy,
Ýurist bolup goraryn seň daşyňy,
Zybagözel,saýlap söýen ýarym sen.
Aşym berse berip bilmez bagtymy,
Dogry halaýan dälsiň men kärimi,
Kärim diýip göýbermerin ýarymy,
Zybagözel,saýlap söýen ýarym sen.
Döwlet aýdar...
****
Gün geler küýsärsiň ýitirenleňi,
Ana şonda hiçkim gelmez ýanyňa.
Ýatlarsyň kimler üçn çeken dertleňi,
Asla seni hiçkim salmaz ýadyna.
Bag soldumy gelmez miwe beresi,
Göwni ýyksaň gider eken höwesi,
Herkişiň kalbynda bardyr ýarasy,
Her bir ynsan derman bolmaz janyňa.
Ýagtylyk...
Seni söýýärin
Söýenim ýazýaryn saňa dessany,
Ýüregimden aldyň gaýgy-gussany,
Sagaltdyň sen dertli ýatan hassany,
Derdimiň dermany söýýärin seni!
Bagt diýilse sen düşýärsiň ýadyma,
Näzlim ynan jan goşýarsyň janyma,
Minnetdar men düşünýärsiň halyma,
Ömrümiň manysy söýýärin seni!
Garaňky gijä...
Men
Ölçerip dünýäniň agyr ýüküni,
Agramly bölegin egne atdym men.
Gyşyň açan näzik nowça gülüni,
Güýz paslynyň alkymyna ekdim men.
Sentýabr aýydy ykbalmyň güleni,
Oktýabr aýydy ýüregmiň ýanany,
Noýabr aýydy söýenmiň söýeni,
Aýlar aşyp yhlasyma ýetdim men.
Gijäniň tümlügi senlikde...
****
Şahyr däl,şygyrlar düzerim ýaly,
Göwnüme gelenin galama düzýän.
Ejiz däl namarda egiler ýaly,
Durmaly serimde nyzama durýan.
Ýalançy dünýäde garyba gülmen,
Wadasyz bir kişä wepamy bermen,
Hakykat bar ýerde saklanyp bilmen,
Sebäbi ýalanyň boýnuny burýan.
Kysmatymdyr ondan asla...
Göwnüm
Meniň näzik,ejiz göwnüm,
Gel sen bilen gürleşeli!
Her gözeli söýme göwnüm,
Gel indi biz dilleşeli!
Seň söýeniň seni söýmez,
Ýürekdäki duýgyň duýmaz,
Döken ýaşlaň asla görmez,
Şonuň üçin sözleşeli!
Gitjegi hiç saklamagyn,
Gidenden soň yzlamagyn,
Söýgi hakda sözle...
Seni gözelim
Söýgi hasratyna duşan çagymda,
Bilbiller saýrady, Jennet bagymda,
Zybagözel adyň öçmez aňymda,
Ynan päk ýürekden söýýärin seni!
Seni söýmän geçip bilmen duşuňdan,
Gözel keşbiň aldy akly huşumdan,
Seni görsem turmaz bolsam
düýşümden,
Ynan päk ýürekden söýýärin seni!
Döw...
Bihabar
Hemişelik çaga bolup galsadyk,
Bolardyk biz bu dünýeden bihabar.
Nätjek durmuş çagalykda goýanok,
Bolmasyn diýp bu durmuşdan bihabar.
By: D. Ýazgeldiýew