Germaniýada 3D printerde çap edilen maglumat merkezi peýda bolar
Germaniýanyň Geýdelberg şäherinde 3D görnüşinde çap edilen maglumatlary işlemek boýunça merkeziň gurluşygy başlandy. Desganyň operatory bolan Heidelberg iT Management kompaniýasy munuň Ýewropada iň uly 3D çap edilen bina boljakdygyny nygtaýar diýip, ferra.ru habar berýär.
Maglumatlary işleme merkeziniň şu ýylyň ahyryna çenli işläp başlamagyn...
Arkadag şäheriniň ýerli býujeti boýunça degişli hasaplamalar geçirildi
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli kadalar hem-de görkezijiler esasynda Arkadag şäheriniň ýerli býujeti boýunça degişli hasaplamalar geçirildi. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze şäheriň açylyş dabarasyna taýýarlyk iş...
Serdar Berdimuhamedow galla oragyna başlamagyň senesini belläp berd
Serdar Berdimuhamedow şu ýylda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 2-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 9-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde aýdyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bismilla»...
Iýun aýynda Türkmenistanda geçiriljek esasy çäreler
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa 2023-nji ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreler hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň tertibi barada habar berdi.
1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly medeni çäreleri we bäsleşikleri;
2-nji iýunda Gökdered...
Türkmenistanda Gurban baýramy mynasybetli çäreler 28-29-30-njy iýunda geçiriler
Türkmenistanda 28-29-30-njy iýunda Gurban baýramy mynasybetli dürli medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreler barada hasabatynyň çäklerinde habar berdi.
Bellenilişi ýaly, öňümizdäki aýyň dowamynda tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar dynç alyş we sagaldyş merke...
Florida ştatynyň gubernatory ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna gatnaşjakdygyny mälim etdi
Çarşenbe güni Florida ştatynyň gubernatory Ron Desantis 2024-nji ýylda ABŞ-nyň prezidentligine dalaş etjekdigini aýtdy.
“Men Amerikanyň beýik gaýdyp gelşine baştutanlyk etmek üçin prezidentlige dalaş edýärin " - diýip, ol Twitterde ýazdy.
Desantis çarşenbe güni ABŞ-nyň geljek ýylyň noýabr aýynda geçiriljek prezident saýlawlaryna gatna...
Türkiýäniň prezident saýlawlarynda daşary ýurtlarda 1,856 million saýlawçy ses berdi
Türkiýäniň prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda daşary ýurtlarda we gümrük nokatlarynda ses berenleriň sany 1 856 968 adama ýetdi diýip, Anadolu agentligi habar berýär.
Gümrük geçelgelerinde Türkiýäniň daşyndaky saýlaw sanawlarynda hasaba alnan raýatlaryň ses bermek prosesi dowam edýär.
Türk wekilhanalarynda we serhet gözegçilik...
«Älem» toý mekany toý etjeklere 50%-ni töläp, galan tölegi göterimsiz 24 aýa bölüp tölemegi teklip edýär
Artykmaç pul çykdajy etmän, şol bir wagtda hem ýokary derejede toý-sadaka dabaralaryny geçirmek isleýänler üçin Aşgabatda «Bagt köşgünde» ýerleşýän «Älem» we «Çeşme» toý mekanlary amatly teklip hödürledi.
Toý mekany toý etmek isleýän ýaş çatynjalara öňünden 50%-ini geçirip, galan 50%-ini garaşaryna, banksyz, girewsiz we hiç hili göterimsiz 2...
Geljek bäş ýyl Ýerde iň maýyl howaly ýyllar bolup biler
Atmosferadaky bug gazlarynyň artmagy we garaşylýan El-Ninýo hadysasy sebäpli, geljek bäş ýylda Ýer togalagynda temperatura rekord derejä çenli ýokarlanyp biler. Şeýle çaklama Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (WMO) täze býulleteninde (beýanatynda) getirilýär diýip, Meteožurnal neşiri habar berýär.
Iň bärkisi, 2023-nji we 2027-nji ýyllar a...
Aşgabatda «Parahat-7-de» 20-den gowrak köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy başlanar
Aşgabat şäher häkimligi «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda täze desgalaryň gurluşygyna başlaýar. Häkimlik bu ýerde 20-den gowrak dokuz gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, 720 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdebini we seýilgähi gurmagy meýilleşdirýär.
Şäher häkimliginiň sargydy boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bu ýaşaýyş...
Georgi Gospodinow edebiýat boýunça Halkara Buker baýragynyň eýesi boldy
Bolgariýaly prozaik we şahyr Georgi Gospodinow “Time Shelter” (“Wagt gaçybatalgasy”) romany üçin iňlis dilindäki edebiýat pudagynda gowşurylýan Halkara Buker baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Londonda geçirilen dabarada emin agzalarynyň başlygy, ýazyjy Leýla Slimani yglan etdi diýip, TASS habar berýär.
55 ýaşly ýazyjy baýragy almak bilen öz...
Hytaýyň soňky imperatorynyň sagady auksionda 6,2 million dollara satyldy
Hytaýyň soňky imperatory Pu I-e degişli Patek Philippe şweýsar markasynyň Reference 96 Quantieme Lune goşar sagady Gonkongdaky Phillips auksion öýi tarapyndan 6,2 million dollara satyldy. Bu barada CNN habar berýär.
Siferblaty arap sanly 31 mm-lik platina sagat al reňkli altyn sagatbagy we Aý fazasyny kesgitleýiş funksiýasy bilen tapawutlaný...
ABŞ-da başy gökdirän binalaryň agramynyň Nýu-Ýorkuň suwuň astyna gitmegine sebäp bolýandygy aýdyldy
ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň alymlary gözlegleriň netijesi boýunça, Nýu-Ýorkdaky başy gökdirän binalaryň şäheri suwuň astyna gidirýändigini aýtdylar. Bu barada Trend habar berýär.
Şäherdäki binalaryň umumy agramy, takmynan, 770 mln tonna barabar. Şol bir wagtyň özünde, her ýyl Nýu-Ýork bu agram sebäpli 1-2 mm çökýär.
Alymlaryň magluma...
Bloomberg: Sukerbergiň baýlygy 2023-nji ýylda 44 milliard dollar artdy
Meta kompaniýasynyň başlygy Mark Sukerbergiň baýlygy 2023-nji ýylda 44 milliard dollar artdy, bu milliarderleriň arasynda maýanyň iň çalt ösüşi boldy. Bu barada Bloomberg habar berýär.
"Mark Sukerbergiň baýlygy şu ýyl 44 milliard dollar artdy. Bu üstümizdäki ýylda beýleki milliarderleriň arasynda iň çalt ösüş boldy" diýip, tekstde bellenýär...
Nature: Hytaý gözleg işlerine goşan goşandy boýunça ABŞ-dan öňe geçdi
Hytaý ilkinji gezek Nature Index ýokary hilli tebigy ylmy žurnallar toparynda neşir edilen gözleg makalalaryna goşant goşmakda Birleşen Ştatlardan öňe geçip, birinji belgili boldy. Bu barada forbes.kz habar berýär.
Nature Index tarapyndan yzarlanan 82 žurnaldan awtorlaryň degişlilik maglumatlary 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan dekabr aýy araly...
Daniil Medwedew Rimde Masters ýaryşynda ýeňiş gazanyp, ATP-de 20-nji titulyny aldy
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew Rimde Masters 1000 kategoriýasynda ATP-niň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Finalda ol daniýaly Holger Runeden üstün çykdy — 7:5, 7:5.
ATP-niň reýtinginde Medwedew üçünji orny, Rune — ýedinji orny eýeleýär.
27 ýaşly russiýaly türgeniň hasabynda indi Masters tapgyrynyň ýaryşlarynda alty ýeňiş bar. Galyberse-...
Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda senagat toplumyna degişli desgalar gurlar
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda esasan senagat toplumyna degişli önümçilik kuwwatlyklary gurlar. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji maýda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda geçiren iş maslahatynda aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, bu işler ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda möhü...
Montana ştaty ABŞ-da ilkinji bolup TikTok-y doly derejede gadagan etdi
Montana ştatynyň häkimiýetleri ABŞ-da ilkinji bolup TikTok sosial ulgamyny düýbünden gadagan etdiler. Degişli kanuna ştatyň gubernatory Greg Janforte gol çekdi diýip, TASS habar berýär.
“Montananyň ýaşaýjylarynyň şahsy maglumatlaryny Hytaýyň Kommunistik partiýasyndan goramak üçin, men Montanada TikTok-y gadagan etdim” – diýip, ol Twitterde ý...
Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynda Aba Annaýew şäherçesi döredildi
Arkadag şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň düzüm bölegi bolan, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuşy, zähmet çekmegi üçin has amatly şertleri bolan ýaşaýyş jaý toplumyna şäherçe derejesi berildi we oňa halypa seýis Aba Annaýewiň ady dakyldy. Degişli...
Özbegistanda möhletinden öň Prezident saýlawlary boýunça möwsüm başlandy
Çarşenbe güni Özbegistanyň Merkezi saýlaw topary öz mejlisinde nobatdan daşary prezident saýlawlary üçin saýlaw möwsümine başlamak kararyna geldi.
"Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Özbegistanda nobatdan daşary prezident saýlawlaryny bellemek baradaky kararyna, şeýle hem Saýlaw kodeksine we Özbegistan Respublikasynyň konstitusiýasyna laýyklykda...