«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň täze merkezi edara binasynyň gurluşygynyň taslamasy taýýarlanylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew 23-nji martda Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Taslama laýyklykda, bäş gatdan ybarat bolan täze desgada iş, tehniki we serwer otaglary, ýörite enjamlary, müşderiler bilen işlemek üçin operatorlaryň iş otaglaryny we uly zaly, mejlisler zalyny ýerleşdirmek, olary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek, häzirki zaman aragatnaşyk ulgamyny gurnamak, işgärler üçin ähli amatly şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. 2,24 gektar meýdançadaky desganyň çäginde tehniki we kömekçi binalary, sport meýdançasyny, rezerwuary, tehniki desgalary hem-de awtoduralgalary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi poçta hyzmatlaryna sanly ulgamlary we öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga mümkinçilik berer. Serdar Berdimuhamedow «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi edara binasynyň gurulmagynyň pudakda netijeli we ýokary hilli hyzmatlary has-da döwrebap ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigini belläp, Agentligiň direktoryna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir