2024-nji ýylyň 3-5-nji aprelinde Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi geçiriler. Serginiň guramaçysy bolup Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär. Sergide ýurdumyzda öndürilýän giň görnüşdäki azyk harytlary, ýagny et, şöhlat, guş eti, balyk, süýt, konditer, kakadylan miweleriň dürli görnüşleri, gök-önümler, çörek önümleri, dürli görnüşdäki içgiler, ýeňil senagat, elektronika enjamlary, dokma we maldarçylyk pudaklary, söwda, bilim, çaphana we bezeg işleri, mebel önümleri, gurluşyk materiallary, mahabat, senetçiler we zergärçiler, tikinçilik we ilatyň sarp edýän hyzmatlary hem-de harytlary hödürleniler. Sergä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Döwlet haryt-çig mal biržasy, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, Söwda-senagat edarasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary gatnaşar. Salgysy: Aşgabat şäheri, Çandybil şaýoly 143, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy. Geçýän wagty: 09:00 – 18:00

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir