2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Foruma görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer B.Amanow 23-nji martda Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, forumy guramaçylykly geçirmek üçin zerur işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, forumyň barşynda milli ykdysadyýetimiziň energetika, gurluşyk we senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmaga aýratyn üns berler. Serdar Berdimuhamedow Pariž şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynda ýurdumyzyň maýa goýum taslamalarynyň giňden açylyp görkezilmelidigine ünsi çekdi hem-de forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini wise-premýere tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir