Ýerde G4 derejeli güýçli magnit hadysasy hasaba alynýar. Bu barada Russiýanyň Amaly geofizika institutyna salgylanyp, TASS habar berýär. Magnit hadysasynyň sebäbi Gündäki 13 partlama boldy, şolaryň biri X ýokary derejeli partlama bolup, ol 23-nji martda bolup geçdi. Hünärmenler Gün işjeňliginiň ýokary derejesiniň heniz geçmändigini, şol sebäpli täze magnit tupanlarynyň bolmak ähtimallygynyň bardygyny belleýärler. “Biz Gün işjeňliginiň iň ýokary derejesine golaýlaýarys, bir günüň dowamynda yzygider şeýle partlamalaryň bolmagy-da bu fakty tassyklaýar” – diýip, institutyň wekili belledi. Bu aragatnaşykda düýpli näsazlyklaryň, radio aragatnaşygynda bozulmalaryň, hemralaýyn we radio ýygylykly nawigasiýanyň işinde köp wagtlyk bökdençlikleriň bolup biljekdigini aňladýar. Polýar şöhleleri hatda tropiki giňişliklerde-de görnüp biler. Gün partlamalary rentgen şöhleleriniň güýjüne esaslanyp bäş klasa bölünýär: A, B, C, M we X. X klasly partlama iň güýçlüsi hasaplanýar. Magnit tolkunlary Günden koronal massa zyňyndylary esasynda ýüze çykýan Ýeriň magnit meýdanyndaky gozganmalardyr. Magnit hadysasynyň alamatlary: kellagyry, başyň aýlanmagy, gowşaklyk, uky, hroniki keselleriň güýçlenmegi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir