Beýnisine Ilon Maskyň Neuralink neýrotehnologiýa kompaniýasynyň implanty ýerleşdirilen hassa Nolan Arbo pikiri arkaly X-de (öňki Twitter) ilkinji ýazgysyny ýazdy. Bu barada Mask X-de habar berdi. «Twitter meni bot diýip hasaplandygy üçin gadagan etdi, ýöne X we Ilon Mask meni gaýtadan dikeltdi, çünki bu şeýle» diýlip, Arbonyň ýazgysynda bellenilýär. Mask bu ýazgyny paýlaşyp, oňa: «Neuralink-iň Telepathy implanty ulanylyp, pikiriň kömegi bilen ýazylan taryhdaky ilkinji ýazgy» diýip teswir berdi. 29 ýaşly Nolan Arbo, takmynan, sekiz ýyl ozal heläkçilik netijesinde ysmaz bolup galandygyny, egninden aşagyny hiç hili duýmaýandygyny aýtdy. Indi ol pikiriniň güýji bilen noutbugyň ekranyndaky kursory hereketlendirip, küşt tagtasynda küştüň mallaryny düzüp bilýär. Arbonyň bellemegine görä, ol kompýuter oýunlaryny enjama zarýad bermek üçin arakesmeler bilen oýnaýar. Ýanwar aýynyň ahyrynda Mask Neuralink implantynyň adam beýnisine üstünlikli ýerleşdirilendigini habar berdi. Onuň sözlerine görä, enjamyň netijelerine seretseň, ol köp zatlary wada berýär. Neuralink startap kompaniýasy Mask tarapyndan 2016-njy ýylyň iýul aýynda döredilip, adamyň beýnisine ýerleşdirilip bilinjek çipleri işläp düzýär. Işewür şeýle neýrointerfeýsleriniň adamyň emeli aňa garşy durmaga ukyply kiborg bolmagyna mümkinçilik döretjekdigine, şeýle hem adamlara pikiriniň güýji bilen kompýuteri dolandyrmagy öwrenmäge kömek etjekdigine ynanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir