Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2024-2025-nji okuw ýylynyň birinji synp okuwçylaryna sowgat bermek üçin 155 müňden gowrak noutbuk görnüşli kompýuterleri satyn alar. «Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň noutbuk kompýuterlerini satyn almagy hakynda» Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Hökümet mejlisinde gol çekdi. Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Amannepesow täze okuw ýylynda birinji synpa kabul edilmegine garaşylýan 155 müň 641 okuwçyny kompýuterler bilen üpjün etmek meýilleşdirilýändigini habar berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sowgat beriljek «Bilimli» nyşanly kompýuterleriň nusgalary taýýarlanylyp, degişli ministrlikler tarapyndan bu kompýuterleriň tehniki häsiýetnamalary seljerildi, şeýle hem olaryň hil standartlary baradaky kepilnamalar alyndy. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2024–2025-nji okuw ýylynda birinji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen, «Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň noutbuk kompýuterlerini satyn almagy hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir