HBO akym hyzmatynyň «Aždarhanyň öýi» serialynyň ikinji möwsümi 2024-nji ýylyň 16-njy iýunynda çykar. Bu barada Max YouTube kanalynda elýeterli bolan treýlerden belli boldy. Serialyň täze möwsüminde tomaşaçylara «Aždarhalaryň tansy» ady bilen tanalýan Westerosdaky raýat urşy görkeziler. Serialyň režissýory Raýan Kondal täze möwsümiň has özüne çekiji boljakdygyny aýtdy. «Aždarhanyň öýi» meşhur «Tagt oýunlary» serialynyň prikwelidir. Onuň sýužeti Jorj R.R.Martiniň Targarien şa neberesiniň pese gaçmagy hakda gürrüň berýän «Ot we gan» atly kitabynyň aýry-aýry bölümlerine esaslanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir