Türkmenistanyň bank edaralarynyň maliýe hasabatlaryna halkara standartlary esasynda nobatdaky audit barlaglaryny geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow şenbe güni Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işler “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna we Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda” Kararyna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny halkara standartlaryna görä geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegi wise-premýere tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir