“Barbi” filmindäki keşbi bilen tanalýan Margo Robbi meşhur The Sims oýnunyň ekranlaşdyrylyşyna prodýuserlik eder diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Filme Disney+ üçin “Loki” serialyny düşüren Keýt Herron režissýorlyk eder. Ssenariniň üstünde “Doktor Kim” serialynyň epizodlarynyň birini döreden Brioni Redman işlär. Sýužetiň jikme-jiklikleri we filmiň çykjak senesi entek aýan edilmedi. Electronic Arts-yň The Sims-i - bu durmuş simulýatory, onda oýunçylar gahryman-simleri dolandyrýar, olaryň zerurlyklary hakda alada edýär, jaýlary gurýar we arzuwlaryny hasyl edýär. The Sims oýnunyň birinji bölümi 2000-nji ýylda çykdy we şondan bäri dünýäde millionlarça janköýer gazandy. Munuň The Sims filmini surata düşürmekde ilkinji synanyşyk däldigini bellemelidiris. 2007-nji ýylda Fox studiýasy oýun esasynda filmiň düşüriljekdigini yglan edipdi, ýöne soň taslama ýapyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir