Uelsiň şa zenany Keýt Middlton rak kesel kesgidi goýlandan soň, öňüni alyş himiýa terapiýasyndan geçýändigini mälim etdi diýip, Bi-Bi-Si habar berýär. Bu howply täze döreme ýanwar aýynda şa zenanynyň garnyna edilen operasiýadan soň geçirilen test barlaglarynda ýüze çykaryldy. Rak keseliniň haýsy görnüşidigi barada maglumat berilmedi. Keýt fewral aýynyň ahyrynda himiýa bejergisine başlady. Ol öz kesel kesgidi we bu ýagdaýa nähili çemeleşýändigi barada wideo habary ýazgy etdi. "Bu biziň üçin uly sarsgyn boldy we men Uilýam bilen ýaş maşgalamyzyň hatyrasyna öz aramyzda munuň hötdesinden gelmäge çalyşýarys we elimizden gelenini edýäris" – diýip, şa zenany gürrüň berdi. Şele hem, ýagdaýy çagalaryna - Jorja, Şarlotta we Luiýe düşündirmek üçin özüne we adamsyna wagt gerekdigini aýtdy. "Men olara özümiň sagdyndygymy we günsaýyn güýçlenýändigimi, aňymda, bedenimde we ruhumda sagalmaga kömek etjek zatlara ünsi jemländigimi aýtdym" –diýip, Keýt nygtady. Operasiýadan soň Keýt köpçülige çykmasyny goýdy, munuň özi köp myş-myşlaryň döremegine sebäp boldy. Şa zenanyň iňlis şa maşgalasynda rak keseline duçar bolan ilkinji adam däldigini bellemelidiris. Şa Çarlz III-e hem başga bir lukmançylyk barlaglary wagtynda howply çiş bar diýip kesel kesgidi goýlupdy. Şondan soň ol hem köpçüligiň arasyna çykmasyny seýrekledipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir