23-nji martda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Belgiýa Patyşalygyna we Italiýa Respublikasyna iş saparlarynyň netijeleri boýunça birnäçe teklipleri beýan etdi. Hususan-da, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmek; parlamentara hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Brýussel şäherine saparyny guramak; 2024-nji ýylyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetleriniň ýurdumyza saparlaryny yzygiderli we ulgamlaýyn esasda guramak; Energetika pudagynda gatnaşyklary ösdürmek üçin Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika ugry boýunça Çarçuwaly Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak; Ýewropa Bileleşigi bilen ýurdumyzyň arasyndaky ulag hyzmatdaşlygyny binýatlaýyn esasda ösdürmek maksady bilen, Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa formatyndaky Utgaşdyryjy platformany döretmek meselesini işlemek; Ynsanperwer gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň ugurdaş düzümleri bilen bilelikde täze bilim maksatnamalaryny işläp düzmek boýunça işlere başlamak, hususan-da, hünär öwrenmek babatda maksatnamany düzmek; 2024-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky Adam hukuklary boýunça Dialogy Aşgabatda geçirmek; Türkmenistanyň Halkara Oba hojalyk ösüş gaznasyna (IFAD) agza bolmagy bilen bagly degişli işleri geçirmäge başlamak, BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasy (FAO) bilen bilelikde şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumyny geçirmek teklip edilýär. Serdar Berdimuhamedow beýan edilen teklipleri makullady we wise-premýere, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir