Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «CyberQuest» intellektual IT-bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Bäsleşik ýokary okuw mekdebi tarapyndan 18-19-njy martda ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bäsleşigiň ýokary – Gran-pri baýragyna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplar topary mynasyp boldy. Birinji orunlaryň ikisi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryna berildi. Ikinji orunlary Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary eýelediler. Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary üçünji orunlaryň eýeleri boldular. Talyplaryň arasynda geçirilen toparlaýyn IT-bäsleşigi oňa gatnaşyjylaryň sanly tehnologiýalar ulgamynda bilim derejelerine we ukyp-başarnyklaryna baha bermäge, bu ugurda ösen pikirlenişi bolan hem-de häzirki zamanyň sanly dünýäsinde erkin ugur almaga ukyply has zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. «CyberQuest» talyplar üçin öz mümkinçiliklerini açmaga, toparda işlemek başarnyklaryny görkezmäge hem-de IT ulgamynda öňde goýlan wezipelere hötde gelmäge ukyplaryny görkezmäge mümkinçilik berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir