Aşgabadyň içine 10 minutda eltip berme hyzmatyny hödürleýän ilkinji onlaýn söwda platformasy döredildi
Aşgabadyň içine 10 minutda eltip bermek hyzmaty... Ynanmak kyn diýýäňizmi? Asmanexpress onlaýn platformasy müşderilerine eden sargydyny hut şol wagt aralygynda eltip bermekligi kepillendirýär. Muny özüňizem barlap görüň!
Asmanexpress — bu eltip bermek hyzmatyny has gysga wagtyň içinde — 10 minutda ýerine ýetirýän Türkmenistanda ilkinji onlaý...
Saud Arabystany maý aýynda Aziýa üçin nebit bahalaryny ýene ýokarlandyrar
Saud Arabystany maý aýynda Aziýadaky müşderileri üçin nebitiň bahasyny ýokarlandyrar. Bu barada Saudi Aramco döwlet kompaniýasyna salgylanyp, Interfaks habar berýär.
Aýratynam, nebitiň “agyr” görnüşi Arab Heavy has gymmatlar, ýagny baha bir barrel üçin 50 sent ýokarlanar. Iň meşhur görnüş bolan Arab Light bolsa 30 sent gymmatlar.
Saud...
BSGG: Dünýä 2030-njy ýylda 10 mln saglygy goraýyş işgäriniň ýetmezçiligine duçar bolup biler
Köp ýurtlar indi saglygy goraýyş işgärleriniň we hassalara ideg ediji işgärleriň ýetmezçiligine duçar bolýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) baş müdiri Tedros Adanom Gebreýesus penşenbe güni Ženewada geçirilen brifingde 2030-njy ýyla çenli dünýäde bu kärler boýunça hünärmenleriň ýetmezçiliginiň 10 million adama ýetip biljekdigini aýt...
Gyrgyzystanyň Prezidentiniň administrasiýasynyň ştaty 22% azaldyldy
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow karar kabul etmek işini tizleşdirmek üçin administrasiýasynyň işgärlerini 72 birlik azaldyp, 259 adama ýetirdi. Bu barada onuň metbugat gullugy habar berdi.
Bu çözgüt karar kabul etmek işiniň netijeliligini, dessinligini we optimizasiýasyny, şeýle hem respublikanyň býujet serişdeleriniň netijeli ulanylm...
29 gün 12 sagat 44 minut... Bu ýyl Remezan aýy 29 gün dowam eder
Dünýä halklarynyň ählisinde bolşy ýaly hijri-kamary senenamasynda hem bir ýyl on iki aýdan ybarat. Muny aýratyn nygtaýandygymyzyň sebäbi, gadym döwürlerde käbir halklaryň 24 aýdan ybarat bolan senenemalary peýdalananlygydyr. Her ýylyň belli bir başlanýan nokady bolýar. Ýeriň öz okunyň daşyndan bir gezek aýlanmagy bir gije-gündizi hasyl edýän bolsa,...
Talibanlar TOPH taslamasy üçin Hyrat welaýatyndan ýer almagyň üstünde işleýärler
Owganystanyň Hyrat welaýatynda TOPH taslamasy üçin ýer almak boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada Owganystanyň dag magdan senagaty we nebit ministri Ziaur Rahman Kabulda metbugat maslahatynyň barşynda aýtdy diýip, Orient agentligi owgan habar beriş serişdelerine salgylanyp habar berýär.
Owganystanda talibanlaryň wagtlaýyn hökümet TOPH gaz...
Bloomberg: Apple kompaniýadaky iş orunlarynyň sanyny azaldar
Apple kompaniýasy korporatiw ownuk söwda bölüminiň işgärleriniň sanyny azaldar. Bu barada Bloomberg agentligi habar berdi diýip, TASS belleýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, kompaniýa şeýle hereketi işden çykarmak däl-de, işi optimizasiýalaşdyrmaga synanyşyk diýip atlandyrýar. Işden çykaryljak işgärleriň sany mälim edilmeýär, ýöne onuň az bo...
Geýts emeli aň meselesinde Mask bilen Woznýagy goldamady
«Microsoft-yň» esaslandyryjysy Bill Geýts telekeçi Ilon Maskyň, «Apple-iň» esaslandyryjysy Stiw Woznýagyň we başga-da 1000-den gowrak pudak hünärmeniniň ösen emeli aňyň (AI) üstünde işlemegi togtatmak baradaky çagyryşyny goldamady.
Geýts Reýter habarlar gullugyna beren interwýusynda: "Belli bir topardan [ösüşi] togtatmagy haýyş etmek meselän...
Çernogoriýanyň prezident saýlawlarynda Ýakow Milatowiç ýeňiş gazandy
Çernogoriýanyň öňki ykdysady ösüş ministri Ýakow Milatowiç ýurduň prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda 60% ses alyp, ýeňiş gazandy.
Çernogoriýanyň häzirki prezidenti Milo Jukanowiç Ykdysady ösüş ministrliginiň öňki ýolbaşçysy Ýakow Milatowiçi prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazanmagy bilen gutlady.
Çernogoriýada ý...
20-nji aprelde Ysraýylyň DIM-niň ýolbaşçysynyň Aşgabada sapary meýilleşdirilýär
Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koeniň Aşgabat şäherine sapary 20-nji aprelde meýilleşdirilýär. Bu barada Ierusalimiň The Times of Israel onlaýn-gazetiniň ýekşenbe güni agşam beren habarynda aýdylýar.
Geçen hepde Azerbaýjan Ysraýylda öz ilçihanasyny açandan soň, Daşary işler ministri Eli Koen tiz wagtdan Bakuwa ugrar. Ol 18-nji aprelde...
Nokia SpaceX bilen Aýda 4G-internet toruny işe girizmegi meýilleşdirýär
Nokia 2023-nji ýylyň ahyryna çenli Aýda 4G mobil toruny (LTE) ornaşdyrmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Ol NASA-nyň howandarlygynda «Artemida» missiýasynyň bir bölegi hökmünde ulanylar.
Nokia-nyň baş inženeri Luis de Teminonyň sözlerine görä, enjam ýakyn aýlarda SpaceX raketasyny ulanyp, Ýeriň hemrasyna iberiler. Aýyň Günorta polýusynda...
BAE-niň Prezidenti Abu-Dabiniň täze wise-prezidentini we mirasdüşer şazadasyny belledi
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti we Abu-Dabiniň hökümdary Şeýh Muhammed ben Zaid Al Nahaýýan täze wise-prezidenti, şeýle hem mirasdüşer şazadany we Abu-Dabiniň häkiminiň iki orunbasaryny wezipä belledi. Bu barada BAE-niň Habarlar gullugy habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Federal Milli Geňeşiň tassyklamagy bilen, şeýh Muhammet çarşenbe g...
Aleks Fergýuson we Arsen Wenger APL-iň Şöhrat zalyna girdi
Öňki futbol tälimçileri Aleks Fergýuson we Arsen Wenger Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) Şöhrat zalyna girizildi. Bu barada APL-iň Twitter sahypasynda habar berilýär diýip, rsport.ria.ru belleýär.
Fergýuson 1986-njy ýyldan 2013-nji ýyl aralygynda “Mançester Ýunaýtede” ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda “MÝ” 13 gezek Angliýanyň çempiony...
Aşgabat — London gatnawlarynyň awiabiletleri onlaýn satuwa çykaryldy
Aşgabat-London ugry boýunça awiabiletler «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda satuwa çykaryldy. Bir tarapyna bilet 8 müň 706 manat 30 teňňeden satylýar.
Aşgabatdan Londona bilet satyn alyp boljak iň ýakyndaky uçuş 5-nji aprelde bolar. Aşgabatdan uçar sagat 13:00-da ugrap, ol Londonyň Stansted howa menziline sagat 15:50-de gonar.<...
«Türkmenawtoulaglary» 40 we 113 belgili awtobuslaryň ugurlaryna üýtgeşme girizdi
«Türkmemawtoulaglary» agentligi Aşgabat şäherinde hereket edýän 40-njy we 113-nji belgili şäheriçi awtobuslaryň gatnawlaryna üýtgetme girizendigini habar berdi.
2023-nji ýylyň 29-njy martyndan başlap 40-njy «Gurtly – Parahat» we 113-nji «Awtokombinat – Gurtly» ugurlary Görogly köçesi bilen hereketini dowam edip Taslama köçäni kesip geçer. Ol...
Saud Arabystany Remezan aýynda diňe bir gezek umra rugsat berýär
Saud Arabystanyň häkimiýeti Remezan aýynda "has köp adama dini däp-dessurlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermek" maksady bilen diňe bir gezek umra (kiçijik zyýarata) rugsat bermek kararyna geldi.
Saud Arabystanynyň Haj we Umra ministrliginiň habar bermegine görä, mukaddes Remezan aýynda her kimiň bir gezek umra zyýaratyny etmäge hukugy bar...
Counter-Strike: GO ýene rekordyny täzeledi: bir wagtda 1,5 mln adam bu oýny oýnady
Ýakynda Counter-Strike 2-iň yglan edilmeginiň çäginde, Counter-Strike: Global Offensive atly häzirki wersiýa gatnaşyjylarynyň sany boýunça ýene bir rekordyny goýdy.
SteamDB hyzmatynyň san maglumatyna görä, bir wagtyň özünde Valve-iň onlaýn atyşygynda 1,5 milliondan gowrak adam boldy!
Onlaýndaky iň ýokary derejäniň takyk sany 1 507 212...
Tokioda Garri Potter baradaky filmleriň esasynda tematiki seýilgäh açylar
2023-nji ýylyň 16-njy iýunynda Tokioda Garri Potter baradaky filmleriň esasynda tematiki seýilgähi açmak meýilleşdirilýär. Myhmanlar ol ýerde jadygöý oglanjyk baradaky franşizadan dekorasiýalary, rekwizitleri we egin-eşikleri görerler diýip, “The Japan Times” habar berýär. Muny MIR24 ýetirýär.
Bu Beýik Britaniýanyň çäginden daşary ilkinji “G...
2023-nji ýylyň martynyň ahyrynda magnit hadysalarynyň güýçli duýuljak günleri
Täzelenen maglumatlara görä, Gün Ýere garşy zabun hüjüme başlady we ýakyn günlerde planetany güýji 5 bala çenli bolan magnit tupany (hadysasy) gurşap alar. Bu görkeziji howa şertlerine duýgur adamlar üçin örän howply, bu diňe bir ýarawsyzlyga we ýadawlyga, iş ukybynyň ýitmegine we ykjamsyzlyga däl, eýsem, bedende agyrynyň, kellagyrynyň döremegine,...
Awstraliýaly alymlar möýüň uzynlygy 20 sm-den gowrak bolan täze görnüşini tapdylar
Awstraliýaly alymlara Merkezi Kwinslendde uzynlygy 20 sm-den gowrak bolan möýüň täze görnüşini tapmak başartdy. Bu barada gözlegçilere salgylanyp, ABC News ýaýlymy habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.
Şol bir wagtyň özünde bognaýaklylaryň bu görnüşiniň zäheri adam üçin howpludyr.
“Möý şekillä Euoplos dignitas diýlip at berildi, onuň...