2024-nji ýylyň 25-nji martynda şu ýylda bolmagy çaklanan iki Aý tutulmasynyň birinjisi bolup geçdi. Tutulma ýarym kölegeli boldy, ýagny Aý Ýeriň ýarym kölegesiniň demirgazyk böleginden geçdi. Hadysa 4,5 sagatdan gowrak (Aşgabat wagty bilen 9:53-den 14:32-ä çenli) dowam etdi. Bu pursatda Aýyň ýagtylygy birneme peseldi, ýöne Ýeriň hemrasynyň diski doly ýagtylygyna galdy. Bu effekt ýiti görüşli adamlar ýa-da professional foto-enjamlarynyň eýeleri üçin görnegen boldy. 25-nji martdaky Aý tutulmasyna Türkmenistanyň, Orta Aziýanyň we Russiýanyň çäginden görünmedi. Oňa Günbatar Ýewropanyň, Demirgazyk-Gündogar Aziýanyň, Awstraliýanyň, Gündogar Aziýanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň ýaşaýjylary syn edip bildi, şeýle-de Antarktidanyň çäginden göründi. 25-nji martdaky Aý tutulmasy 2024-nji ýylyň “tutulma geçelgesinde” ilkinji boldy. Onuň yzyndan 8-nji aprelde doly Gün tutulmasy, 18-nji sentýabrda bölekleýin Aý tutulmasy we 2-nji oktýabrda halka görnüşli Gün tutulmasy bolup geçer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir