Türkmen samboçylary 22-nji martda Moskwanyň Halkara sambo merkezinde badalga alan Sambony esaslandyryjylaryň kubogynda ýaryşyň ilkinji güni 1 altyn, 2 kümüş we 1 bürünç medal gazandylar. Jemal Öwlüýägulyýewa 65 kg çenli agram derejesinde çempion boldy. Jemal Türkmenabadyň 7-nji sport mekdebiniň tälimçisidir. Öň, 2023-nji ýylyň noýabr aýynda ol Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen Bütindünýä söweş sungaty oýunlarynda kümüş medal gazandy. Sosial ulgamlarda ýaýran wideo görä, Öwlüýägulyýewany Moskwadaky ýaryşa dünýäniň we Aziýanyň öňki çempiony, halkara derejesindäki sport ussady Gülbadam Babamyradowa taýýarlady. Kümüş medallary Nyýazmyrat Babekow (64 kg) we Nedir Allaberdiýew (79 kg) gazandy. Bürünç medaly 80 kg çenli agram derejesinde Saodat Işmyradowa aldy. Kubogyň ikinji güni we ýaryşlardan soň başlanmaly türgenleşik lageri Podmoskowýedäki “Krokus Siti Holl” konsert zalynda bolup geçen heläkçilikli waka sebäpli ýatyryldy. “Bütinrussiýa Sambo federasiýasy heläk bolanlaryň we zyýan çekenleriň maşgalalaryna gynanç bildirýär. Bu milli tragediýa” diýip, guramaçylar habarda bellediler. Ýaryşlara on üç ýurtdan 250-den gowrak samboçynyň gatnaşmagyna garaşyldy: Türkmenistan, Belarus, Azerbaýjan, Ermenistan, Germaniýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Mongoliýa, Täjigistan, Özbegistan, Koreýa Respublikasy we ýaryşyň ýer eýesi bolan Russiýa. Bellenilen baýrak eýelerinden başga-da, ýaryşlarda Türkmenistana Jennet Orunowa, Nurberdihan Orazmämmedow, Alihan Aýdogdyýew, Kambar Umarow we Agasapar Muhadow wekilçilik etdi. Sambony esaslandyryjylaryň kubogy sportuň bu görnüşini esaslandyryjylar hasaplanýan Anatoliý Harlampiýewiň, Wasiliý Oşepkowyň we Wiktor Spiridonowyň hatyrasyna bagyşlanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir