«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Kazan ugry boýunça goşmaça üç gatnaw açdy
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Kazan ugry boýunça 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli hereket etjek üç sany goşmaça gatnawy girizdi. Muňa awiakompaniýanyň resmi saýtynda neşir edilen uçuş tertibi şaýatlyk edýär.
Bu ugurdaky yzygiderli gatnawlardan başga-da, awiakompaniýa penşenbe, anna we ýekşenbe günleri goşmaça gatnawlary ýol...
Türkmenistanyň Prezidenti muzeýleriň işini kämilleşdirmegi tabşyrdy
Türkmenistanda muzeýleriň işini kämilleşdirmek boýunça resminama gol çekildi. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer B.Seýidowa hasabatynda türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, şöhratly taryhyny giňden wagyz etmek, ata-babalardan g...
Türkmenistanyň Prezidenti Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylary gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalaryny ýurtda mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde paýtagtda geçirilýän Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.
...
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentine hormatly alymlyk derejesiniň berilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi
Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Songýungwan uniwersiteti tarapyndan «Syýasy ylymlaryň hormatly doktory» diýen adyň berilmegine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim...
Aşgabatda ykdysady innowasiýalar boýunça maslahat geçirildi
Ykdysadyýet toplumynyň mejlisler zalynda «Innowasiýalar we sanly tehnologiýalar ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýçleridir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurduň maliýe we ykdysadyýet toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ta...
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda energetika hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň bilen Azerbaýjanyň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, bilelikdäki halkara sergileri we çäreleri geçirmek, şeýle hem tejribe alyşmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu meseleler Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gezalowyň «Turkmen Energy Forum» kompaniýasynyň direktory Nazar Atajanow bilen geçire...
Türkmenistan ahalteke tohumynyň halkara derejesindäki ornuny pugtalandyrýar
Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasynyň möhüm bölegidir. Bu tohum häzirki Türkmenistanyň çäginde kemala gelip, dünýäniň iň gadymy at tohumlarynyň biri hasaplanýar — diýip, «Westiabad» habarlar agentligi habar berýär.
Ahalteke tohumynyň häzirki döwürde ösdürilmegi we halkara derejesinde wagyz edilmegi babatda möhüm waka...
Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň kanunçylyk binýady kämilleşdiriler
Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny has-da ösdürmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda raýatlaryň durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrma...
Nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlar
Häzirki wagtda Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde, ýurduň welaýatlarynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda nebitgaz pudagynda zähmet çekýän işgärler üçin has oňaýly we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-p...
«Tejenkarbamid» zawodynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen resminama gol çekildi
Häzirki wagtda «Tejenkarbamid» zawodyny önümçilik taslama kuwwatynda we yzygiderli işletmek maksady bilen zerur işler geçirilýär. Munuň özi öndürilýän önümleriň içerki sarp edijileri kanagatlandyrmagy bilen bir hatarda daşary ýurtlara eksport edilýän möçberleriniň artdyrylmagyna-da ýardam berýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Höküme...
Moskwada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisi geçiriler
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, toparyň mejlisiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäheri...
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli birnäçe saglyk desgalary açylar
Türkmenistan Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi ýokary derejede geçirmek boýunça taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «A...
Türkmenistanyň intellektual eýeçilik babatda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdüriler
Türkmenistan intellektual eýeçilik babatda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça zerur işler geçirilýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurduň innowasion...
Demir ýol ulgamynyň ýük dolanyşygyny ösdürmek tabşyryldy
Türkmenistanyň Prezidenti demir ýol ulgamynyň ýük dolanyşygy ösdürmegi tabşyrdy. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda bellenildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurduň demirýol ulgamynyň ýük dolanyşygyny ösdürmek boýunça «Demirýollary» AGPJ tarapyndan degişli işler geç...
Lagard 2027-nji ýylda ÝMB-niň başlygy wezipesinden gitjekdigini habar berdi
Ýewropanyň Merkezi bankynyň (ÝMB) prezidenti Kristin Lagard geljek 2027-nji ýylda wezipesinden gitmekçidigini habar berdi. Ol bu barada Irlandiýanyň «RTE Radio» teleýaýlymynda eden çykyşynda: «Men 27-de giderin» diýdi diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.
Ýeri gelende aýtsak, Kristin Lagardyň geljek aýda wezipe ygtyýarlylyklary dolýar.
Azyk we oba hojalyk guramasy: 2030-njy ýylda dünýäde açlyk çekýänleriň sany 520 milliona ýetip biler
Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylyklar sebäpli dünýäde açlyk çekýänleriň sany 2030-njy ýyla çenli 520 million adama ýetip biler. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Russiýa Federasiýasy bilen aragatnaşyklar bölüminiň direktory Oleg Kobýakow aýtdy.
Kobýakowyň sözlerine görä, gapma-garşylykdan öň bu görkeziji...
BSGG 2030-njy ýylda lukmanlaryň ýetmezçiliginiň dörejekdigini çaklaýar
Dünýäde ilatyň garramagy sebäpli 2030-njy ýylda Saglygy goraýyş ulgamynda 11 milliondan gowrak hünärmen ýetmezçilik eder. Bu barada anna güni Saglygy Goraýyş guramasy habar berdi diýip, «ria.ru» ýazdy.
«Köp ýurtlarda bir wagtda hem ilat, hem-de lukmanlar garraýar. Bu çak edilýän ählumumy saglygy goraýyş hünärmenleriniň ýetmezçiligini has-da...
Wýetnamdaky çabga 16 müň öýi gark etdi, süýşgünde üç adam heläk boldy
Wýetnamyň demirgazygyndaky we demorgazyk-merkezi bölegindäki güýçli çabga, sil we süýşgünler üç adamyň heläk bolmagyna hem-de 16310 öýüň gark bolmagyna getirdi. Bu barada «VietnamPlus» neşirine salgylanýan «Azertaj» habar berdi.
Tebigy hadysa oba hojalyk ekinlerine güýçli zeper ýetirdi, 15 mekdep we suwaryş ýaplarynyň iki kilometre golaýy ha...
Psiholog adamlaryň nämüçin blogerlere ynanýandygyny düşündirdi
Russiýaly psiholog lukman Irina Grekowa adamlaryň nämüçin meşhur blogerleriň tiz täsirine düşýändigini hem-de olaryň maslahatlaryna ynanýandygyny düşündirdi diýip, «MIR 24» gürrüň berýär.
Hünärmeniň sözlerine görä, adamlar ýyldyz blogerleriň çykyşlarynyň mahabat häsiýetlidigini bilseler hem, ol harytlary satyn alýarlar. Munuň sebäbi kontente...
Türkmen we koreý telekeçileri Seulda Ähtnama gol çekdiler
2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Seul şäherindäki «The Grand Lotte» myhmanhanasynda Türkmenistanyň «Mert Ýigit» hususy kärhanasy bilen «ONU H&C Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama taraplaryň Türkmenistanyň we Koreýanyň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meýillerini tassyklaýar.
Äh...