TÝL ― 2023: Tirkişow 20-nji goluny geçirdi

Düýn Ýokary liganyň 27-nji tapgyrynyň çäginde geçirilen «Aşgabat» ― «Arkadag» duşuşygynda (1:4) iki gezek tapawutlanan myhman toparyň oýunçysy Şanazar Tirkişow çempionatdaky gollarynyň sanyny 20-den geçirdi.
Şanazaryň duşuşygyň 63-nji minudynda geçiren ilkinji goly onuň Ýokary ligadaky 20-nji goly hökmünde bellige alyndy. Şeýlelikde, ol çemp...

Dowamy »

194 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Pantone reňk instituty 2024-nji ýylyň reňkini saýlady

Pantone reňk instituty 2024-nji ýylyň reňki hökmünde mämişi-gülgün «Erik tüýjagazy» reňk öwüşginini (13-1023 Peach Fuzz) saýlady diýip, «The Washington Post» gazetine salgylanýan «Interfax.ru» ýazýar.

Pantone institutynyň direktory Litris Aýsmeniň sözlerine görä, «bu reňk duýgudaşlygy we jebisligi, aladany aňladýar, garaýyşlara täzed...

Dowamy »

199 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Lebapdaky «Demirbetonönümleri» kärhanasy Türkmenistanyň gurluşyk pudagy üçin önümleri hödürleýär

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasy dürli görnüşli gurluşyk serişdelerini we agaçdan taýýarlanan önümleri öndürýär.

Bu ýerde keramiki kerpiçler, gurluşyk we söwda maksatly beton öndürilýär. Kärhananyň agajy gaýtadan işleýän sehinde sargyt esasynda aşhanal...

Dowamy »

200 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Alphabet» emeli aňyň täze nusgasy bilen tanyşdyrdy

«Google» kompaniýasynyň eýesi «Alphabet» emeli aňyň täze nusgasy bilen tanyşdyrdy diýip, «Habar 24» ýazýar. Döredijiler oňa has kämilleşdirilen nusga diýip baha berdiler. EA (emeli aň) habaryň birnäçe görnüşini gaýtadan işlemäge ukyplydyr, olaryň hatarynda wideo, audio we ýazgy (tekst) bar.
Kompaniýada şeýle-de emeli aňyň has çylşyrymly piki...

Dowamy »

199 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

2024-nji ýylda Aşgabatda DÝHG agza ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň Baş direktorlarynyň maslahaty geçiriler

2024-nji ýylyň 13 — 19-njy aprelinde Aşgabatda Demir Ýol Hyzmatdaşlygy Guramasynyň (DÝHG) Baş direktorlarynyň maslahatynyň XXXVIII mejlisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Guramanyň bu ýokary derejeli çäresi, Baş direktorlaryň maslahaty —...

Dowamy »

198 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Bangkok ugry boýunça howa gatnawlaryny amala aşyrar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 22-nji dekabrdan Aşgabatdan Bangkoga yzygiderli ýolagçy gatnawlarynyň ýola goýulýandygyny habar berdi. Uçuşlar her anna we şenbe günlerinde amala aşyrylar.
Häzirki wagtda Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentligi Kazan — Aşgabat — Bangkok ugurlarynda uçuşlary birikdirmek üçin howa petekleri sa...

Dowamy »

203 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Waşingtony çabga gark etdi

Garaşylmadyk çabga ýagyşlar sebäpli dörän sil joşmalary Amerikanyň Waşington ştatyny gark etdi. Bu barada «ABC News» habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.
Habarda ştatyň köp böleginiň çabgadan ejir çekendigi aýdylýar, netijede, suwuň derejesi derýalaryň käbirinde rekord derejä ýetip, ýollary we öýleri suw basypdyr.
Ştatyň...

Dowamy »

199 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Uzynada ýatagynda ýangyç çig malynyň bol akymlary alyndy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň müdirlikleriniň zähmet toparlary uglewodorod çig malyna baý ýataklary senagat taýdan özleşdirmekde göreldeli işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler. Şunda Uzynada ýatagynda bitirilýän işler has-da döwrebaplygy bilen tapawutlanýar diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
...

Dowamy »

190 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

TÝL ― 2023: AFK-daky duşuşyklaryny tamamlan «Ahal» bilen «Merw» özara güýç synanyşar

AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky göreşini tamamlan «Ahal» ýene-de ähli ünsüni çempionata we Kubok ýaryşyna gönükdirýär. Serdar Geldiýewiň şägirtleri şu gün Ýokary liganyň 12-nji tapgyrynyň çäginde Marynyň «Merwini» kabul ederler.

Paýtagtdaky «Nusaý» stadionynda geçiriljek duşuşyk sagat 14-de başlanar. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy...

Dowamy »

203 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Azerbaýjanyň Prezidentiniň möhletinden öňki saýlawlary 7-nji fewralda geçer

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew 2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda möhletinden öňki Prezident saýlawlaryny geçirmek barada buýruga gol çekdi. Onuň ýazgysy döwlet Baştutanynyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, «Interfax.ru» habar berýär.
Ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasyna möhletinden öňki Prezident saýlawlarynyň geçirilmegini üpjün etmek tabşy...

Dowamy »

199 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanda uly çille döwri başlandy

Şu gün Türkmenistanda uly çille döwri başlanýar. Uly çille döwri 8-nji dekabrda, garagyş gutarandan soň başlanýar we kyrk günläp dowam edýär. Şondan soň ol öz ornuny kiçi çillä berýär. Uly çille döwri köp güni öz içine alýandygy sebäpli, gyşyň örküji hasaplanýar. Hut şonuň üçin-de, ata-babalarymyz bu döwre aýratyn taýýarlyk görüpdirler diýlip, «Tür...

Dowamy »

194 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Russiýada Prezident saýlawlarynyň güni bellendi

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlary 2024-nji ýylyň 17-nji martynda geçer. Bu barada degişli kanun ýurduň Federasiýa Geňeşiniň plenar ýygnagynda kabul edildi, ol resmi çap edilen gününden başlap güýje girýär. Bu barada «MIR 24» ýazýar.
Karar biragyzdan kabul edildi, onuň üçin senatorlaryň 162-si ses berdi.
Federasiýa Geňeş...

Dowamy »

203 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Aşgabatda Goşulmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň lukmançylyk maslahaty geçirilýär, Türkmenistanyň Baş arçasynyň beýikligi 43 metr bolar, Türkmenistanyň Döwlet hyzmatlarynyň internet portalynda 40 müňe golaý ulanyjy hasaba alyndy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Şu gün Aşgabatda «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň iki günlük ýörite maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Bütindünýä...

Dowamy »

209 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

ABŞ Türkmenistana metan boýunça bilermenlerini iberdi

ABŞ-nyň Hökümetiniň goldawy bilen Türkmenistanda howa zyňylýan metan zyňyndylaryny çäklendirmek boýunça meýilnamany taýýarlamak üçin Türkmenistana nebit inženerleri iberildi. Bu barada «Bloomberg» habar berdi.
Tehniki hünärmenler döwlet nebit we gaz kompaniýalarynyň işgärleri bilen metan zyňyndylarynyň bölünip çykýan çeşmelerini öwrenip, gel...

Dowamy »

200 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Elektronika dünýäsi» «HITACHI» sowadyjylaryny 40% arzan bahadan hödürleýär

Täze ýyl ýetip geldi, bu bolsa ýakynlaryňy gutlamagyň barha ýakynlaýandygyny aňladýar. Eger örän peýdaly hem-de ýokary hilli sowgatlyk harytlary gözleýän bolsaňyz, onda Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrundaky «Elektronika dünýäsi» dükanyna baryň.
«HITACHI» sowadyjylaryny satyn almak isleýän ähli müşderiler üçin 2024-nji ýylyň 6-njy ýanwaryn...

Dowamy »

202 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Myrat Garryýew adyndaky TDLU-da biologiýa dersi boýunça II Halkara internet olimpiadasy geçirildi

5-7-nji dekabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli biologiýa dersi boýunça II Halkara internet olimpiadasy geçirildi.

Halkara internet olimpiadasyna türkmen talyplary bilen birlikde dünýäniň 26 döwletinden, hususan-da ABŞ-dan, Kanadadan, Beýik Bri...

Dowamy »

192 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

119 ýyl ýaşan zenanyň uzak ömrüniň syry aýdyldy

Ýaponiýanyň ýaşaýjysy Kane Tanaki 2022-nji ýylyň 19-njy aprelinde aradan çykdy, ol 119 ýyl 107 gün ömür sürdi. Onuň uzak ömürliliginiň syryny uzak ýaşlylary hasaba alýan guramanyň Prezidenti Ýumi Ýamamoto paýlaşdy.

Onuň aýtmagyna görä, Tanaki hanyma elmydama aramlyk mahsus bolupdyr. Hut şu häsiýet ýaponlaryň köpüsine mahsusdyr. Tanak...

Dowamy »

190 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistan ilkinji gezek TRASEKA-nyň Hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan ilkinji gezek TRASEKA-nyň Hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň 5-nji dekabrda Tbiliside (Gruziýa) geçirilen mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyn...

Dowamy »

197 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Redmi 5 minutda 600 müň Redmi K70 smartfonyny satdy

Redmi 1-nji dekabrda K70 smartfonlarynyň satuw netijelerini çap etdi. Görlüp oturylsa, bary-ýogy bäş minudyň içinde smartfonlaryň 600 müň sanysy satylypdyr.
Bu ýöne bir köp däl, eýsem, juda köp zat: Redminiň özüniň sözlerine görä, K70 smartfonlarynyň satuwy K60 smartfonlarynyň satuwyndan iki esse ýokary boldy.
Hytaýda täze Redmi smart...

Dowamy »

270 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Hyundai awtoulaglaryna jenaýatlary ýüze çykarmagy we olar barada polisiýa habar bermegi öwreder

Hyundai Motor topary 2010-njy ýyldan bäri her ýyl öz işgärleri üçin geçirýän nobatdaky «Pikirler festiwalynyň» netijelerini jemledi. Ýeňijileriň biri H-SOS atly howpsuzlyk ulgamyny işläp düzen topar boldy. Bu toplum awtoulagda oturanlara howp salýan jenaýaty ýa-da adatdan daşary ýagdaýy ýüze çykarmaga we hukuk goraýjy edaralara habar bermäge ukyply...

Dowamy »

288 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago