«Apple» kompaniýasy lukmançylyk enjamlaryny öndürýän «Masimo» kompaniýasy bilen patent boýunça kazyýet dawasynda ýeňilendigi sebäpli 2024-nji ýylyň önümçiligine degişli akylly sagatlarynda ukuda apnoe keselini ýüze çykarmak funksiýasy ulanylmaz. Bu barada insaýder we «Bloomberg» neşiriniň habarçysy Mark Gurman «Power On» habarlar býulleteninde habar berdi. Geçen hepde Federal şikaýat kazyýeti «Apple» kompaniýasynyň ABŞ-nyň Halkara söwda komissiýasynyň (ITC) «Watch Series 9» we «Ultra 2» akylly sagatlaryny satmagy gadagan etmek çözgüdini ýatyrmak baradaky haýyşyny ret etdi. Bu çözgüt «Apple» kompaniýasynyň «Masimo» kompaniýasy bilen gandaky kislorodyň derejesini ölçemek tehnologiýasy boýunça patent dawasynda ýeňilenden soň kabul edildi. Şeýlelikde, «Apple» ähli täze akylly sagatlarynda pulsoksimetri öçürmäge mejbur boldy. Emma bu mümkinçiligiň öçürilmeginiň «Apple» müşderileriniň hemmesini 2023-nji ýylda öndürilen sagatdan daşlaşdyrmaz diýlip hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, «Masimo» kompaniýasyndan ýeňilmek korporasiýa üçin uly kynçylyklar döredýär. «Birinjiden, bu örän utandyryjy ýagdaý. <…>. Ikinjiden, has möhümi, patent dawasynda ýeňilmek «Apple» üçin geljekki akylly sagatlarda başga funksiýalary girizmek meselesini döredýär» diýip, Gurman belledi. Hususan-da, kompaniýanyň 2024-nji ýylyň önümçiligine degişli sagatlarda ukuda apnoe keselini ýüze çykarmak mümkinçiliginden ýüz öwrüp biljekdigi aýdylýar. Çünki apnoe keselini ýüze çykarmak gandaky kislorodyň derejesini ölçemek bilen baglanyşyklydyr. Ýagny, bu funksiýa üçin sagatda pulsoksimetr ulanylmaly, ony bolsa «Apple-iň» ABŞ-nyň çäginde ulanmagy gadagan.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir