Apple TSMC-niň geljekki 2-nm tehnologiýa prosesi boýunça döredilen çiplere eýe boljak ilkinji kompaniýa bolar. Bu barada DigiTimes-den taýwanly analitikleriň hasabatyna salgylanyp, MacRumors neşiri habar berýär. TSMC-niň 2025-nji ýylyň ikinji ýarymyndan başlap 2-nm çipleri öndürip başlamagyna garaşylýar diýip, gazeta.ru habar berýär. Tehnologiýa prosesiniň ölçeginiň kiçelmegi tranzistorlaryň kiçelmegine getirer. Tranzistor näçe kiçi bolsa, şonça-da köp olary çip meýdanynda ýerleşdirmek bolar. Şeýle tendensiýa has kiçi tehnologiýa prosesi boýunça öndürilen çipleriň has uly güýje eýe bolmagyna, ýöne şol bir wagtyň özünde energiýany az sarp etmegine getirýär. 2023-nji ýylda Apple öz iPhone we Mac gurluşlary üçin 3-nm çipleri girizdi. 5-nm tehnologiýadan 3-nm tehnologiýa geçmek grafiki prosessoryň tizliginiň 20% we hasaplaýyş prosessorynyň tizliginiň 10% ýokarlanmagyna getirdi. TSMC 2-nm çipleriň önümçiligi üçin iki sany täze zawod gurýar we üçünjiniň gurluşygyna rugsat almagyň üstünde işleýär. TSMC, adatça, uly sargytlary ýerine ýetirmek üçin önümçilik kuwwatyny artdyrmak zerur bolan ýagdaýynda täze zawod gurýar. 2-nm çipleriň önümçiligi başlanandan soň, TSMC 1,4-nm topologiýasy bilen çipleriň önümçiligine girişmäge taýýarlanýar. Gürrüňlere görä, kompaniýa bu çipleri işläp taýýarlamaga eýýäm girişdi. Olar 2027-nji ýyldan ir çykmaz.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir