Rumyniýa şu ýyl “Ýewrowideniýe” halkara aýdym-saz bäsleşigine gatnaşmaz. Bu barada Rumyniýanyň telewideniýesiniň Dolandyryş geňeşine salgylanyp, TASS habar berýär. “Maliýe kynçylyklary we Rumyniýany ýokary derejede görkezmek islegi Dolandyryş geňeşiniň Rumyniýanyň telewideniýesiniň şu ýylky “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigine gatnaşmajakdygy baradaky çözgüdiniň sebäbidir. Çözgüt mejlisde bäş goldaýan ses, dört garşy ses we dört saklanma bilen kabul edildi” – diýlip, habarda görkezilýär. Şeýle-de, Dolandyryş geňeşi Rumyniýanyň telewideniýesiniň 2024-nji ýyl üçin býujetini tassyklady we “onda Rumyniýanyň halkara bäsleşiginde ýokary ülňülere laýyklykda gatnaşmagyny kepillendirmek üçin ýeterlik serişde ýok”. Rumyniýa bäsleşige 1993-nji ýyldan bäri gatnaşyp gelýär. Rumyniýalylaryň iň gowy netijeleri – üçünji orun (2005-nji we 2010-njy ýylda), şeýle-de dördünji orun (2006-njy ýylda). 2024-nji ýylda “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigi 7, 9 we 11-nji maýda Malmýoda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir