Günorta Koreýanyň «Samsung» korporasiýasy 2024-nji ýylda elýeterli eplenýän smartfon çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada lenta.ru Koreýanyň «The Elec» neşirine salgylanyp habar berýär. Bar bolan maglumatlara görä, kompaniýa 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda elýeterli eplenýän telefonyny tanyşdyrmagy maksat edinýär. Enjam ilkinji modeli 2019-njy ýylda peýda bolan «Galaxy Z Fold» smartfon-planşetiň arzan görnüşi bolar. Hünärmenler Hytaýyň bazaryndaky ýerli öndürijileriň ýiti bäsdeşligini arzan eplenýän enjamyň çykarylmagynyň esasy sebäbi hasaplaýarlar. Korporasiýanyň bäsdeşleri «Galaxy Z Fold» we «Galaxy Z Flip» modellerinden has arzan eplenýän flagman enjamlary hödürlemäge taýyndyrlar. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa eplenýän «Galaxy Z Flip» smartfonunyň elýeterli görnüşini işläp düzmegi meýilleşdirmeýär. Hünärmenler bu modeliň bazarda ýeterlik derejede ornuny berkidendigine we onuň arzan görnüşleriniň çykarylmagynyň zerurlygynyň ýokdugyna ynanýarlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir