Belorussiýaly tennisçi Arina Sobolenko Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň (Australian Open) ýeňijisi boldy. Ol finalda Hytaýyň wekili Çžen Sinweni utdy. Bu barada Ren.TV habar berýär. Oýun Sobolenkonyň peýdasyna 6:3, 6:2 hasabynda tamamlandy. Belorussiýaly tennisçi üç gezek eýs etdi, hiç hili iki gezekdäki ýalňyşa ýol bermedi, şeýle-de alty breýk-poýntdan üçüsini amal etdi. Bu ýeňiş Sobolenko üçin Australian Open ýaryşynda ikinji boldy. Geçen ýyl finalda ol Gazagystanyň wekili Ýelena Rybakinany utdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir